Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Bosniýa we Gersegowinanyň Ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna Ynanç hatyny gowşurdy

19.11.2024

65

Bosniýa we Gersegowinanyň Ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna Ynanç hatyny gowşurdy

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Niýaz Çardakliýandan Ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşygyň dowamynda Bosniýa we Gersegowinanyň Ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address