
News
93
Häzirki döwürde, araçäkleriň barha şertli bolup barýan dünýäsinde, ýurtlaryň arasynda pul serişdelerini çalt we ygtybarly geçirmek mümkinçiligi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine bu meseläniň häzirki zaman çözgüdini - halkara pul geçirimleri ulgamyny hödürleýär.
«Biziň maksadymyz – halkara pul geçirimlerini ýurduň her bir ýaşaýjysy üçin elýeterli we amatly etmekdir» — diýip, bankyň wekilleri belleýärler. Hakykatdan hem, pul geçirimini ibermek ýa-da almak (erkin dolanyşykdaky walýutanyň çäklerinde) amaly aňrybaş derejede ýeňilleşdirildi, munuň üçin diňe walýuta hasabynyň we şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň bolmagy talap edilýär.
Halkara pul geçirimleri hyzmaty baradaky jikme-jik maglumatlary bankyň hünärmenlerinden ýa-da bankyň tfeb.gov.tm resmi saýtyndan alyp bolýar.
Şunuň ýaly bank hyzmatlarynyň ösmeginiň netijesinde halkara maliýe amallary Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylary üçin has elýeterli we amatly bolýar, bu bolsa halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edýär.