Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

22.11.2024

166

TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur paýhasly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasy dünýäniň halkara gatnaşyklary ulgamynda parhatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn tagallalaryň netijeli bolmagynda barha täsirli orna eýe bolýar. Şunuň bilen birlikde hem, halkara arenasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine we geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamaklyga uly üns berilýär.

Bu babatda, ilkinji nobatdaky çäreleriň hatarynda, halkara gatnaşyklarynda netijeli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň ylmy we tejribe taýdan düýpli öwrenilmegine, bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň ulgamlaýyn esaslarynyň çuňlaşdyrylmagyna, geljekki hünärmenlere bilim bermek babatynda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň ýazylmagyna ýokary talaplar bildirilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi esasynda ýakynda çapdan çykan we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen “Halkara gatnaşyklarynyň teoriýasy” (awtory: B.Karaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) okuw kitaby hem şeýle talaplary berjaý etmek üçin ýerine ýetirilen işleriň biri bolup durýar.

Bu okuw kitaby degişli ders boýunça tassyklanan okuw maksatnamasyna we bilim standartlaryna laýyklykda halkara gatnaşyklarynyň binýatlyk düşünjelerini, toplanan teoretiki bilimleriň logiki tertibini, ylmy taýdan öwrenilýän täze ugurlaryny beýan etmeklige gönükdirilendir. Degişlilikde, okuw kitaby halkara gatnaşyklary we diplomatiýa boýunça geljekki hünärmenleriň başarnykly, ukyply, gowy taýýarlykly bolmaklaryna we öz bilimlerini iş tejribesinde giňden ulanyp bilmeklerine bolan talaplar göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.

Okuw kitabynda halkara gatnaşyklarynyň teoriýasynyň binýatlyk esaslary we ugurlary, logiki, ylmy-konseptual esaslary, usulyýeti we usullary, halkara hatnaşyklaryny alyp barmagyň hukuk esaslary, halkara gatnaşyklary teoriýasynyň esasy paradigmalary, halkara gatnaşyklary teoriýasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti, halkara gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn teoriýasy we beýleki teoretiki meseleleri boýunça giňişleýin maglumatlar berilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address