Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Ýaşlarymyz Hytaýa we Wengriýa nobatdaky gezek okuwa iberiler

25.11.2024

162

Ýaşlarymyz Hytaýa we Wengriýa nobatdaky gezek okuwa iberiler

Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, türkmen ýaşlarynyň bu dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar, tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça iberilmegi maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurtda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen ýaşlarynyň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň abraýly bilim edaralarynda okaýandyklaryny belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly ýokary bilim edaralaryna ýaşlarymyzy okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address