Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Bilim” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

25.11.2024

275

“Bilim” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň 5-nji sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sany taýýarlananda, redaksiýanyň işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýalaryň esasy mazmunyndan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim berlişine sanly we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak baradaky talaplaryndan ugur alyndy.

Žurnaly açýan “Döwrebap ösdürilýän bilim ulgamyndaky üstünlikler” atly makalada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmeni Dörtguly Oraznepesow bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berýär.

Žurnalyň bu sanynyň aýratynlyklaryndan biri onda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilýän bilim işgärleriniň awgust maslahatlary barada gürrüň berilýär we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli ýolaşçylarynyň bu maslahatlardaky çykyşlary çap edilendir.

Žurnalyň sahypalarynyň aglaba bölegi ylmy makalalara bagyşlanandyr we şolardan 12-si ýerleşdirilendir. Şeýle hem, žurnaldaky usuly makalalaryň 2-si mekdebe çenli terbiýä bagyşlanandyr. Maral Atajumaýewa özüniň “Körpeleri mekdebe taýýarlamagyň esaslary” atly usuly makalasynda we Aýgül Poşaýewa “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary” atly işinde körpeleri terbiýelemekde halkara tejribelerini öwrenip, ýurdumyzda gazanylan netijeler barada söhbet açýar.

Umumybilim berýän mekdeplerde okatmagyň usulyýetine bagyşlanan bölümde tejribeli mugallymlaryň usuly makalalary çap edildi. Bu makalalarda umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan ylmy ugurly dersler boýunça bilim bermekde ulanylýan usuly tärler we olary kämilleşdirmegiň ýollary açylyp görkezilýär.

Orta hünär bilimi bölüminde çap edilen makala ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde taryh we jemgyýeti öwreniş ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň innowasion tehnologiýalaryna bagyşlanandyr. Makalanyň geljekki mugallymlary taýýarlamakda ähmiýetli orny bardyr.

“Ýokary bilim” rubrikasynda makalalaryň 8-si çap edilip, olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň usulyýetine degişli bolup, sapagyň nazary esaslarynyň güýçlendirilmegi üçin mugallymlara kömek bolup biljek ylmy maglumatlara baýdyr. Olarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli professor-mugallymlary öz baý tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşýarlar.

Žurnalda çap edilen makalalaryň many-mazmunynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini goldamak, ösdürmek, şol özgertmeleriň her bir bilim işgäriniň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri gozgaýandygy, bu wezipäni berjaý etmegiň ýollaryny salgy bermäge gönükdirilendigi aýratyn bellenilmäge degişlidir.

REDAKSIÝA

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address