
News
136

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde bimöçber işler amala aşyrylýar we durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, öňde goýlan wezipeler, şonuň bilen birlikde, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek işleri tapgyrlaýyn alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda 18-nji noýabrynda başlanan Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň tejribeli mugallymlarynyň gatnaşmagynda bilim işgärleri üçin geçirilýän hünär kämilleşdiriş okuwlary dowam edýär. Russiýaly mugallymlar iş saparlarynyň dowamynda ýurdumyzyň ajaýyp gözellikleri, taryhy-medeni mirasymyz, gymmatlyklarymyz, meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärlikleri bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdylar.
Daşary ýurtly myhmanlar paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günortasynda bina edilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp açylan beýikligi 60 metre ýetýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine syýahat etdiler.
Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlary Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň hem-de doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň hataryna goşulmagynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmeginiň, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döredilmeginiň dünýä meşhur şahyryň şeýle hormata örän mynasypdygyny bellediler.
Hünärmenler, ýadygärlikde ýazylan akyldar şahyryň “Türkmeniň” atly goşgusyndan:
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
diýen setirleriň ýerleşdirilmeginiň türkmen halky üçin ähmiýetiniň uludygyny aýtdylar.
Ýadygärlikde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirleriň ýerleşdirilmeginiň uly manynyň aňladýandygyny myhmanlar uly tolgunma bilen belläp geçdiler.
Soňra mugallymlar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine baryp görüp, halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary dürli asyrlara degişli durmuş esbaplary, milli egin-eşikleri, senetçilik önümleri, söweş ýaraglary, saz gurallary, kümüş şaý-sepleri bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdylar.
Gadymy döwürlere degişli hasaplanylýan Jeýtun medeniýeti, Altyndepe şäher-döwleti, Marguş ýurdy, olaryň ilatynyň meşgullanan kärleri, ulanan zähmet gurallary we beýleki gymmatlyklaryň gaýtalanmajak miras bolup, olaryň türkmen halkynyň geljekki nesiller üçin aýawly saklanýandygyna hem-de dünýä sergilerinde olaryň öz beýanyny tapýandygyna myhmanlar haýran galdylar. Olar türkmen halkynyň taryhynyň, gymmatlyklarynyň milli we daşary ýurt alymlary tarapyndan öwrenilendigi baradaky maglumatlaryň köpdigini bellediler. Myhmanlar Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagynyň we olardan tapylan gymmatlyklaryň türkmen halkynyň taryhynyň ähmiýetiniň uludygyna güwä geçýändiginiň subutnamasydygyny bellediler.
Daşary ýurtly bilim işgärleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň türkmen halkynyň taryhyny içgin öwrenmekde uly gollanmadygyny aýtdylar.
Myhmanlar binagärlik ýadygärlikleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda merkezleriniň we beýleki edara binalarynyň gurulmagynyň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adawsyz aladalarynyň netijesidigini bellediler.
Gurbanjemal NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Jemgyýetçilik bilimler bölüminiň esasy ylmy işgäri