Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

TEJRIBE OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

26.11.2024

258

TEJRIBE OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň halypa mugallymlary Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlygy ugrunyň talyplary bilen Merkezi Köpetdagda tejribe okuw sapagyny geçdiler. Talyplar bu ýerde daglaryň emele gelşi, olaryň geologik gurluşy barada Merkezi Köpetdagyň mysalynda öwrendiler. Şeýle-de, tejribe sapagynyň dowamynda Merkezi Köpetdagda duş gelýän dag jynslary, olary düzýän minerallar, daglarda howa hadysalarynyň emele gelmegi, daglaryň ýeliň ugruna, tizligine täsiri barada gyzykly maglumatlar berildi. Sapagyň dowamynda ylmy barlaglary barlaghana şertlerinde dowam etmek üçin suw we toprak nusgalary alyndy. Merkezi Köpetdagda duş gelýän dermanlyk ösümlikler talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy – ensiklopedik eserini ýan kitabyna öwren talyp ýaşlar dermanlyk ösümlikleriň morfologik gurluşyny, ýaşaýyş aýratynlyklaryny öwrendiler. Tejribe sapagyň dowamynda talyplar umumy sapaklarda alan nazary bilimlerini tejribäniň üsti bilen berkitmäge mümkinçilik aldylar.

Ýaşlara okamaga, döretmäge, işlemäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ata Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary döwlet we halkara derejesinde ekologiýa meseleleri boýunça geçirilýän dürli çärelere, bäsleşiklere yzygiderli işjeň gatnaşyp gelýärler. Uniwersitetde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä derejesinde ýokary baha eýe bolýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak boýunça işleri bahalandyrýan “UI Green Metric” sanawynda hem öňdäki orunlary eýeleýär.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address