Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy

27.11.2024

72

Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şu gün Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesine, şol sanda üstaşyr gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we ýük akymlaryny çaltlaşdyrmak mehanizmlerini ornaşdyrmak boýunça toplanan tejribä ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamlaryny, logistika özara arabaglanyşygyny ösdürmäge, ählumumy ykdysady proseslerine laýyklykda ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmäge goşýan goşandy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda durnukly ulag ulgamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi.

Mundan başga-da, söhbetdeşler BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda, hususan-da BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) Türkmenistanyň geljek ýyldaky başlyklygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek barada ylalaşdylar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address