
News
159

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda “” diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak, ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine bolan ukybyny artdyrmak maksady bilen yglan edilen bu bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň işlerini kämilleşdirmäge, okuwçy gyzlary el işlerine, dürli hünärlere ugrukdyrmaga, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny, amaly-haşam sungatyna bola söýgülerini, ukyplaryny, zehinlerini we başarnyklaryny açyp görkezmäge, çeper elli okuwçy gyzlary sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ýüze çykarmaga giňden ýardam berdi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda geçirilen tapgyrlarda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna mynasyp bolan toparlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň geçirilen ýerinde okuwçy gyzlaryň öz elleri bilen taýýarlanan el işlerinden guralan sergi has hem täsirli boldy.
Bäsleşige gatnaşan 6-8-nji synplaryň okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlar üç sany şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda, bäsleşige gatnaşýan okuwçy gyzlar toparlary hünär saýlamak, el işlerine ussat gyzlar bolup ýetişmek üçin döredilýän mümkinçilikler, okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynda bu babatda alyp barýan işleri, asylly gyz edebi bilen bagly milli däpler barada şahyrana dilde çykyş edip, şahsy başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertinde bäsleşige gatnaşýan okuwçy gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp, öz ýanlary bilen getiren gutarylmadyk keşde çekmek, köjüme köjemek, basma basmak, pugtamak, jähek çalmak, aldymgaç çalmak, alaja, jorap örmek, haly önümlerini dokamak ýaly el işleriniň nusgalaryny ýerine ýetirmekde öz başarnyklaryny aýan etdiler. Bäsleşigiň 3-nji şertine laýyklykda, bäsleşige gatnaşýan okuwçy gyzlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesmekde bäsleşdiler hem-de bu tagamyň taýýarlanylyşyny, onuň adam saglygy üçin ähmiýetini çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler.
“Hünärli nesil – röwşen geljek” atly bäsleşigiň ýeňijileri sany ulgam arkaly gyzlar toparlarynyň gazanan SMS sesleri boýunça kesgitlenildi. Iň köp SMS seslerini toplan Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň “Tumar” gyzlar topary baş baýraga mynasyp boldy, bu toparyň okuwçy gyzlary bäsleşigi guraýjylaryň Hormat haty we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awazadaky “Daýanç” dynç alyş merkezine maşgala ýollanmalary bilen sylaglandy. Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň 9-njy orta mekdebiniň “Päkize” gyzlar topary 1-nji orna, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň “Meňli” gyzlar topary 2-nji orna, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň “Arzuw”, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň “Gülälek”, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň “Bagtyýar gyzlar”, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 40-njy orta mekdebiniň “Gunça” gyzlar toparlary 3-nji orna mynasyp boldular. Baýrakly orunlara mynasyp bolan gyzlar toparlar gymmat bahaly sowgatlar we bäsleşigi guraýjylaryň Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Oguljahan Alamyşowa,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy
orta bilim bölüminiň baş hünärmeni