Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Kýokuşinkaý karate boýunça ussatlyk sapagy

12.10.2024

159

Kýokuşinkaý karate boýunça ussatlyk sapagy

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda kýokuşinkaý karate boýunça Halkara Ýewraziýa guramasynyň ýolbaşçysy Täjimurat Naýzabekowyň, Gazagystan Respublikasynyň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça uly tälimçisi we milli ýygyndy toparynyň agzasy, 2024-nji ýylda dünýä we Aziýa çempiony Timur Raýymbekowyň, Milli kýokuşinkaý karate merkeziniň ýolbaşçysy Atamyrat Hudaýberdiýewiň gatnaşmagynda kýokuşinkaý karate boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Oňa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň tälimçi-mugallymlary we talyp türgenleri gatnaşdylar. Täsirli geçen ussatlyk sapagy halkara tejribesini özleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Sportuň bu görnüşi Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda meşhurdyr. Onuň aýratynlygy türgen gorag enjamlary bolmazdan doly aragatnaşykda dik duran ýagdaýda söweşýär. Koreý gelip çykyşly ýapon Masutasu Oýama tarapyndan esaslandyrylan kýokuşinkaý galtaşyk usulynyň berkligi bilen tapawutlanýar. Galtaşyksyz mekdepleriň köpüsinden tapawutlylykda, bu görnüş boýunça galtaşykly tutluşyklarda urgularyň hakyky güýji doly görkezilýär.

Çeşmesi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address