Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Sungkýunkwan uniwersitetiniň arasynda  ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA ÄHTNAMA gol çekildi

12.10.2024

107

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Sungkýunkwan uniwersitetiniň arasynda   ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA ÄHTNAMA gol çekildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki ýurduň geljegi onuň ykdysady ösüşleri-tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň now-hau işläp taýýarlamagyň derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ykdysadyýetiň pudaklarynda nano tehnologiýalarda, maglumat tehnologiýalarda düýpli tehnologik açyşlaryň edilmegi ylmy siňňitli harytlaryň önümçiliginiň giňelmegine oňaýly täsir etdi. Netijede bolsa, ylmy-tehniki ösüş ýurduň umumy ykdysady ösüşini çaltlandyrmaga we durnuklylygyny gazanmaga mümkinçilik berdi. Ylmyň we tehnikanyň özara baglanyşygy esasynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna ýokary innowasiýalary çekmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi düýpgöter täze tehnologiki üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini aňladýar. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini ösdürmäge, milli önümlerimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, adam maýasyny we “Bilimler ykdysadyýetini” ösdürmäge, Türkmenistanyň tehnologiýa we ykysady howpsuzlygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikler döredilendir.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu ugurda yzygiderli netijeli işler durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, kompaniýalary ylmy guramalary we merkezleri bilen hyzmatdaşlygy saklanylýar. Bu babatda, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Wýetnamyň, Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri we Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus+” taslamasy bilen ylym bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyklara we Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Uniwersitetde yzygiderli halkara ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler, çäreler geçirilýär. 

Uniwersitetimiziň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy-barlag işleri alyp barýarlar. Mugallymlar daşary ýurtlara iş saparlarynda bolup, ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, özleriniň ylymda önümçilikde gazananlaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýokary netije gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler. 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Sungkýunkwan uniwersitetiniň arasynda arabaglanyşygy ýola goýmak maksady bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ähtnamanyň maksady iki uniersitetiň arasynda akademiki we bilim düzmekden hem-de ýokary bilimiň birnäçe ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bilelikdäki işleriň aşakdaky görnüşlerini ösdürmekligi öz içine alýar:

(a) Akylly şäher tehnologiýalary, nanotehnologiýa, medisina, biotehnologiýa we bioinženerçilik ugurlary boýunça bilelikdäki ylmy-barlag we işlӓp düzme taslamalaryny amal etmek;

(b) Akylly tehnologiýalar, ösen ýarymgeçirijileriň inženerçiligi, amaly emeli aň ugurlary boýunça aýratyn taslamalaryň ҫӓklerinde hyzmatdaşlyk etmek;

(ç) Leksiýalary, simpoziumlary, halkara maslahatlaşmalary, ylmy maslahatlary we seminarlary guramak;

(d) Ylmy işgärleriň we talyplaryň alyş-çalşygyny ýola goýmak;

(e) Maglumatlary, okuw materiallaryny, tehniki we ylmy neşirleri alyşmak;

(ä) Professorlara we ylmy işgärlere leksiýa geçmäge mümkinçilikleri döretmek;

(f) Okatmakda innowasion çemeleşmeleri girizmek we ösdürmek üçin tejribe paýlaşmak;

(g) Gelejekde beýleki hyzmatdaşlyklary ýola goýmak.

Hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriň ikisi-de bilelikde işlemegiň netijesinde kämilleşdirilen intellektual eýeçilikleriň ýazmaça ylalaşmalar bilen çözüljekdigini razylaşdylar. Bu bolsa geljekde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berer. 


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address