Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň 11-nji sergisi geçiriler

03.12.2024

108

Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň 11-nji sergisi geçiriler

4-6-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň 11-nji sergisi geçiriler. Bu çärä Türkiýe Respublikasyndan 70-den gowrak kompaniýalary we assosiasiýalary gatnaşar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda gurnalar.

Serginiň açylyş dabarasyna resmi wekiliýet bilen gelýän Türkiýäniň Söwda ministri Omer Bolat gatnaşar diýlip garaşylýar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Açylyş dabarasyndan soň ministr, önümleri we teklipleri bilen tanyşmak üçin türk kompaniýalarynyň stendlerine baryp görmegi meýilleşdirýär.

Ömer Bolat Türkmenistana boljak saparynyň çäginde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşar. Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma senagatyna gözegçilik edýän orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

Serginiň esasy maksady – Türkiýäniň kompaniýalaryna önümlerini Türkmenistanyň bazaryna hödürlemek we täze işewürlik gözýetimleri açmak mümkinçiligini bermekden ybarat. Türkmen kompaniýalary Türkiýeden ýokary hilli önümler bilen has ýakyndan tanyşmak we hyzmatdaşlygyň geljegine baha bermek üçin sergä çagyrylýar.

Şeýle hem çäräniň çäginde Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan Türkiýe-Türkmenistan işewürler Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýene bir möhüm meýdança bolar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address