Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Dünýä dursun parahat!

03.12.2024

3503

Dünýä dursun parahat!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň naýbaşysy hasaplanýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmagyň, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmegiň, çagalaryň ata Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmegiň ähmiýeti uludyr. Şeýle asylly işler bilim ulgamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda rowaçlyklara beslenýär.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» diýen at bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Aýdym-saza beslenip geçirilen dabara ýurdumyzyň ähli künjeklerinden taýýarlan döredijilik işleri ýeňiji bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak ugurlary boýunça geçirilip, onuň mekdep, etrap-şäher hem-de Aşgabat we Arkadag şäher, welaýat tapgyrlaryna mekdep okuwçylary tarapyndan taýýarlanan köp sanly döredijilik işleri getnaşdy. Iň tapawutly döredijilik işleri bäsleşigiň jemleýji döwlet döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanylyp alyndy.

«Dünýä dursun parahat!» diýen tema boýunça ýazylan düzmelerde okuwçylar parahatçylykly ösüşleriň mkany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez söýgülerini, parahatçylykly ýaşaýyş, halklaryň, döwletleriň arasyndaky dostana, hoşniýetli gatnaşyklaryň ähmiýeti, bagtyýar çagalyk baradaky düşünjelerini çeper sözüň üsti bilen giňden beýan etmegi başarypdyrlar. Çekilen suratlarda we ýasalan maketlerde dost-doganlygyň mekany bolan Diýarymyzyň ajaýyp ösüşleri, döwletimiz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeler, Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylaýn tutumly işler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, bagtyýar nesliň ajaýyp durmuşy öz çeper beýanyny tapypdyr. Bu döredijilik işleri ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň giňden bellenilýän 29 ýyllyk baýramyna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Ugurlar boýunça has tapawutly taýýarlanan döredijilik işleri bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynyň eminler topary tarapyndan ýeňiji diýlip yglan edildi.

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginde düzme ýazmak ugry boýunça 1-nji orna Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mahym Garaýewa, surat çekmek ugry boýunça 1-nji orna Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Aşyr Ataýew we maket ýasamak ugry boýunça 1-nji orna Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Bally Babaýew mynasyp boldy.

Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça taýýarlan işleri ýeňiji bolan mekdep okuwçylary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

Oguljahan Alamyşowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address