Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky innowasiýalar

03.12.2024

323

Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky innowasiýalar

Häzirki wagtda ähli ugurlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşiniň we bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy çeşmesidir. Dünýäde täze innowasiýaly startap ideýalaryny işläp taýýarlaýan işewürlik inkubatorlarynyň takmynan 40% bilim edaralarynda işleýär. Innowasiýa kompaniýasynyň özeni bolan ylmy ösüşler, adatça gözleg laboratoriýalarynda, ýokary okuw jaýlarynda ylmy işgärler, mugallymlar we talyplar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Hut bilim-ylym toplumlarynda köplenç guramaçylyk, hukuk we tehniki goldawy talap edýän ideýalaryň we ylmy işläp taýýarlamalaryň ýokary potensialy bolýar.

Milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tarapyndan ýurduň innowasiýaly ykdysadyýete geçmegini çaltlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli jemgyýetçilik bileleşikleri “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri» bilen bilelikde hem-de üstünlikli işleýän “Maslahatly Çözgüt”, “Startap Merkezi” we “Eksport Konsalting” işewürlik inkubatorlarynyň goldawy bilen, 17 sany ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň mugallymlary we işgärleri üçin “Hünär bilim edaralarynda innowasiýaly telekeçiligiň platformalaryny ösdürmek. Işewürlik-halypaçylygynyň esaslary” atly ýörite okuwy guradylar.

Şu ýylyň 29-njy noýabryndan 10-njy dekabry aralygynda ýurduň ähli welaýatlarynyň hünär okuw mekdeplerinden 31 sany gatnaşyjy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň diwarlarynda Türkmen-Hindi innowasion tehnologiýalary merkeziniň binýadynda okuwa başladylar. Okuwyň esasy maksatlary, ýurduň 17 sany okuw jaýlarynyň ählisinde startap-platformalaryny (işewürlik-inkubatorlary) döretmek we bu platformalar üçin işgärleri taýýarlamak, şeýle hem ideýalaryň ýaş ýazyjylaryna – startaperlere innowasion taslamalaryny durmuşa geçirmäge kömek etjek halypalary taýýarlamakdyr.

Okuw maksatnamasy startapy işe girizmegiň tehnologiýasy, startaplar üçin netijeli marketing strategiýalary, startaplary amala aşyrmagyň gözegçiliginiň sanlylaşdyrylmagy, tehnologiýa ugurlary, emeli intellekt we ony ulanmagyň etiki taraplary, startaplaryň ösüş tapgyrlary we halypaçylyk prosesleri, şeýle-de beýleki köp sanly döwrebap we zerur soraglar ýaly, möhüm we häzirki zaman temalaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylaryň işewürlik kompaniýalarynda degişli iş endiklerini almaklary üçin iş ýüzünde gatnaşmaklary hem göz öňünde tutulýar.

Okuwy guraýjylar, onuň durmuşa geçirilmeginiň ýurduň bilim edaralarynda innowasion çemeleşmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we bu işleriň täjirleşdirilmegi arkaly hünär bilim edaralarynyň işiniň durnuklylygynyň ýokarlanmagyna itergi bermegine bil baglaýarlar, bu bolsa ahyrky netijede biziň ýurdumyzyň çaltlaşdyrylan ykdysady ösüşine gönükdirilendir.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address