Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Innowasion sport hepdeligi hem-de sanly sport ýaryşlary

03.12.2024

238

Innowasion sport hepdeligi hem-de sanly sport ýaryşlary

Türkmenistanyň Milli talyplar we elektron sport federasiýalarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda innowasion sport hepdeligine badalga berildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň hereketli we sanly, şeýle hem elektron sporty görnüşlerinden geçiriljek ýaryşlar geljek ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Geljegiň oýunlary” atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrlarynda çykyş etjek zehinli türgenleri ýüze çykarmaga ýardam eder. Bu ýaryşlaryň esasy wezipesi ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekden, sanly ulgamy netijeli peýdalanmaga gönükdirmekden, ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam bermekden, bu ugurda zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan, sanly sport boýunça özara tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmek we ussat türgenleri ýokary derejede taýýarlamak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň innowasion ugurly görnüşleri hereket edýär. Häzirki zaman ýaşlarynyň gyzyklanmalaryna doly gabat gelýän şeýle sport görnüşleri sport ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň we emeli aňyň netijeli ulanylyşyny ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman dünýäsinde sport ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, türgenleri taýýarlamak işleriniň ylmy esasda alnyp barylmagy, türgenleşiklerde maglumat ulgamlaryna we tehnologiýalaryna giň orun berilmegi, ýaşlaryň arasynda sportuň innowasion görnüşlerinden peýdalanmagyň meşhurlygynyň has-da artmagy, sportuň sanly tehnologiýalar bilen bagly ugurlarynyň dünýäde uly meşhurlyga eýe bolmagy bilen häzirki zaman sport ylymlary ösüşlere beslenýär.

Innowasion sport hepdeligi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni

Çeşmesi: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address