Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

XII SYNP ÜÇIN “NEMES DILI” OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

05.12.2024

89

XII SYNP ÜÇIN “NEMES DILI” OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm işler ýurdumyzyň pedagogik ugurly ýokary (orta) hünär bilim edaralary, ylmy-barlag institutlary, bilim-ylym merkezleri, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň degişli ylym-bilim edaralary, ylmy-barlag merkezleri, halkara guramalary bilen ýola goýlan üznüksiz, yzygiderli özara hyzmatdaşlygyň esasynda üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XII synpy üçin neşir edilen “Nemes dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: J.Öwezowa, G.Gurbanowa, A.Agajykowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu okuw kitaby daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanylyp, onda her täze temany öwretmek üçin gyzyklanma döretmek üçin ýerleşdirilen gönükmeler bilen başlanýar we olardan soň esasy tema girişilýär. Okuwçylaryň nemes dilinde söz baýlygyny artdyrmak maksady bilen okamak we diňlemek boýunça gönükmeleriň berilmegi, elbetde, olaryň tekstiň mazmunyna has-da gowy düşünmeklerine ýardam berer.

Okuw kitabynda berilýän maglumatlarda geçilýän sapaklarda nemes dilini öwretmekde kemala getirilmeli başarnyklardyr ukyplaryň sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn üns berlipdir. Diňläp düşünmek we okap düşünmek, monolog we dialog sözleýşi ösdürmek bilen bir hatarda ýazuw endiklerini hem kämilleşdirmek üçin gönükmeler berlipdir. Okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylan bu okuw kitabynda berlen döwrebap we gyzykly temalar okuwçylaryň gözýetiminiň giňelmegine mümkinçilik berer. Okuwçylaryň öwrenýän diliniň ýurdy, medeniýeti, tebigaty bilen tanyşmaklary üçin gyzykly maglumatlar hem ýerleşdirilipdir. Şeýle-de, bu okuw kitabynda okuwçylaryň özbaşdak hem-de döredijilikli işlemekleri üçin, has takygy taslama (proýekt) işlerini alyp barmak, plakatlary, tanyşdyryşlary (prezentasiýalary) taýýarlamak ýaly gönükmeleriň berilmegi, okuwçylaryň nemes dilini özbaşdak we has çuňlaşdyryp öwrenmeklerine itergi berer.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address