Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Ankarada Türkmenistana bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

07.12.2024

70

Ankarada Türkmenistana bagyşlanan halkara  ylmy-amaly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklary assosiasiýasy (EkoAvrasya) we TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan guraldy.

Maslahata Türkiýäniň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginiň, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we KHBS-i gatnaşdylar.

Ylmy maslahatda çykyş edenler Magtymgulynyň eserlerindäki ynsanperwerlik ýörelgeleriň ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şahyryň döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynda aýratyn orny eýelemän, eýsem dünýä medeniýetiniň gymmatlygydyr. Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, şeýle maslahatlaryň geçirilmegi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Soňra Magtymguly Pyragynyň türk dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşyjylara, Türkiýede geçirilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli köp sanly çäreleri gurnamakda we geçirmekde işjeň goldaw beren wekillere gymmat bahaly sowgatlary we minnetdarlyk şahadatnamalary gowşurdylar.

Bulardan başgada, maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň sebitleýin we bütindünýä derejesindäki ähmiýetini hem nygtadylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi we wideo ýazgylaryň görkezilşi guraldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address