Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Aşgabatda Oman Soltanlygynyň ilçisinden ynanç hatynyň nusgalary kabul edildi

05.12.2024

96

Aşgabatda Oman Soltanlygynyň ilçisinden ynanç hatynyň nusgalary kabul edildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Oman Soltanlygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň başynda ilçi türkmen tarapyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy we bu wezipä bellenilmegi bilen bagly gutlaglar üçin sagbolsun aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar türkmen-oman gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berýändigi bellenildi. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda daşary syýasat edaralarynyň derejesinde özara saparlary guramagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistanyň we Omanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatlaryny nazara almak bilen, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde birek biregi goldamagyň möhümdigi barada aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi. Taraplar nebit-gaz pudagynda, oba hojalygynda we dokma senagatynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.

Diplomatlar bilelikdäki işewürler forumlaryny, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, diplomatlar özara Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address