Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «TEBIGATDAN PEÝDALANMAGYŇ ESASLARY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

11.12.2024

358

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «TEBIGATDAN PEÝDALANMAGYŇ ESASLARY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez düzlükleri, çöllükleri, daglyklary ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşleriniň dörän mekany hasaplanylýar. Tebigatyň eçilen bu ajaýyp gözelliklerini gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere aýawlylygy bilen ýetirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem wajyp meseleleriniň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak, olardan rejeli peýdalanmak barada sebit hem-de halkara ähmiýetli beýik alnyp barylýar.

Täze neşir edilen «Tebigatdan peýdalanmagyň esaslary» okuw kitaby (awtorlary: A.Ýollybaýew, M.Allamyradowa, J.Gurbanowa, D.Geldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) adamyň we tebigatyň özara gatnaşyklary, tebigy baýlyklary gorap saklamak, tygşytly we netijeli peýdalanmak, galyndysyz tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, adamyň azyk meseleleri, olaryň çözgütleri, ekologik töwekgelçilik, ekologik howpsuzlyk, durnukly ösüş baradaky möhüm maglumatlary öz içine alýar.

Okuw kitaby girişden, 13 sany bapdan, adalgalar sözlüginden we peýdalanylan edebiýatlaryň getirilýän sanawyndan ybarat. Birinji bap adamyň we tebigatyň özara gatnaşyklaryna, önümçilikde peýdalanylýan çig mallaryň agramynyň artmagyna bagyşlanan. Ikinji bapda ekologik heläkçilik, ekologiýanyň global meseleleri beýan edilýär. Üçünji bapda bolsa daşky gurşawyň hapalanmagy we galyndylary ýok etmegiň meseleleri barada maglumatlar getirilýär. Dördünji bap hapalanma zerarly tebigy gurşawyň bozulmagyna bagyşlanyp, onuň nazary esaslary yzarlanylýar. Şäherleşmäniň biosfera täsiri, biosferany galyndylardan goramak bilen baglanyşykly meselelere bäşinji bapda seredilýär. Tebigy baýlyklar we olary rejeli peýdalanmak, suw baýltklaryny peýdalanmagyň meseleleri altynjy bapda seljerilýär. Ýedinji bapda bolsa peýdaly gazylma baýlyklar we ýer baýlyklaryny peýdalanmagyň meseleleri beýan edilýär. Sekizinji bapda – biologik baýlyklary peýdalanmagyň ugurlary, dokuzynja bapda – ilat baýlyklary, tebigatdan rejeli peýdalanmagyň usullary, onunjy bapda – adamyň azyk üpjünçiligi, on birinji bapda – daşky gurşawyň zäherleýji we radioaktiw maddalar bilen hapalanmagy, on ikinji bapda – ekologik töwekgelçilik we gözegçilik, on üçünji bapda – durnukly ösüş ýoly, ylmy-tehniki ösüş döwründe tebigatyň we jemgyýetiň özara gatnaşygynyň aýratynlygy baradaky jikme-jik maglumatlar şöhlelendirilýär.

Okuw kitabynda tebigatdan peýdalanmagyň dürli meseleleri, adamzat jemgyýetiniň tebigata ýetirýän göni we gytaklaýyn täsiri, antropogen täsirleriň ýüze çykarýan howply ýagdaýlary, daşky gurşawyň hapalanmagynyň we onuň öňüni almagyň möhüm meseleleri, hapalaýjy maddalar, olaryň rugsat edilýän aňryçäk toplanmasy, tebigy we energiýa baýlyklary hem-de bu ekologik meseleleri çözmegiň ýollary barada ylmy-amaly maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenilendir. Ondan diňe talyplar däl, eýsem hünärmenler – biologlar, ekologlar, lukmanlar, önümçilik bilen meşgullanýan beýleki hünärmenler, aspirantlar, we mugallymlar hem peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address