Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

ÝOKARY HEM-DE ÝÖRITE ORTA SAZÇYLYK WE SUNGAT MEKDEPLERI ÜÇIN «FORTEPIANO ÜÇIN ESERLERIŇ ÝYGYNDYSY» ATLY OKUW GOLLANMASY ÇAP EDILDI

11.12.2024

221

ÝOKARY HEM-DE ÝÖRITE ORTA SAZÇYLYK WE SUNGAT MEKDEPLERI ÜÇIN «FORTEPIANO ÜÇIN ESERLERIŇ ÝYGYNDYSY» ATLY OKUW GOLLANMASY ÇAP EDILDI

Ýaňy-ýakynda «Türkmen döwlet neşirýat gullugy»  tarapyndan  ýokary hem-de ýörite orta sazçylyk we sungat mekdepleri üçin Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynyňkonsertmeýsteri Sona Nuryýewanyň “Fortepiano üçin eserleriň ýygyndysy» atly okuw gollanmasy çap edildi.

Fortepiano türkmen halkynyň söýgüli saz gurallarynyň biridir. Şonuň üçin bu saz guralynda ýekelikde, ansambl bolup, aýdymçylaryň we sazandalaryň ýanynda sazandarlyk etmäge, orkestriň solisti bolup çykyş etmäge hem uly mümkinçilikler döredilýär.

Bu okuw gollanmasy milli aýdym-saz sungatymyza uly goşant goşan meşhur türkmen nusgawy kompozitory Durdy Nuryýewiň we onuň gyzy S.Nuryýewanyň birnäçe fortepiano eserlerinden ybaratdyr. Türkmenistanyň halk artisti, Ýaşlar baýragynyň eýesi, häzirki zaman türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň biri bolan D.Nuryýew türkmen halkynyň ýüreginde baky ýaşaýan kompozitorlaryň biri. Onuň döredijiligi umman ýaly giň gerime eýe. D.Nuryýew professional saz döredijiliginde çagalar sazyny döretmekde hem ykrar edilen ussat hasaplanýar. Ol fortepiano üçin 1956-njy ýylda birnäçe pýesalardan ybarat bolan «Çagalar albomy» ýygyndysyny we 1968-nji ýylda «Çagalar üçin on iki eser» atly saz toplumyny ýazýar.

Bu okuw gollanmasynda meşhur türkmen kompozitory D.Nuryýewiň «Konsertino» – III bölümden ybarat, «Sonata» – III bölümden ybarat, «Wariasiýalar», «Çal, dutarym» (halypasy W.G.Hirunsewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar) fortepiano üçin döreden eserleri ýerleşdirilen. Şeýle-de, belli kompozitoryň kesbini kemal edinen fortepianoçy Sona Nuryýewanyň hem fortepiano üçin döreden «Älem owadanlygy», «Deňiz perileri», «Eziz Watanymyň öwüşgini» atly eserleri we olaryň arasynda iň ajaýyby, kalbynyň töründäki baky söýgisi bilen ýazylan «Ekspromt-fantaziýa» (kakasy Durdy Nuryýewiň ýadygärligine bagyşlanýar) atly eseri ýerleşdirilip, ol diňe bir saz sungatynda fortepianony ussatlarça ulanmagy başarmagy ündemek bilen çäklenmän, eýsem öz muşdaklaryna terbiýeçilik nusgasyny hem görkezýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address