
News
115

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň milli hem edebi buýsanjy Gündogaryň beýik akyldaryMagtymguly Pyragynyň doglan gününüiň 300 ýyllyk toýuny dabaraly bellemek hakdaky beýik başlangyjy peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly rowaçlyga beslenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahyryň döredijiligini çuňdan, şeýle hem täzeçe öwrenmek hakdaky magtymgulyşynaslyk ylmynyň öňünde goýan möhüm wezipeleri ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini has-da döredijilikli zähmet çekmäge, ylmy derňewleri etmäge ruhlandyrdy. Dana Pyragynyň “Magtymguly gizlin syryň bar içde” diýip belleýşi ýaly, şahyryň döredijiligi syrlara baý. Beýik ussadyň şahyrana dünýäsine aralaşyp, ruhuna ýakynlaşyp şol “gizlin syrlary” açmak şu günüň, geljegiň möhüm wezipesidir. Bu möhüm wezipä edebiýat öwreniş ylmynyň wekili hökmünde öz goşandymy goşmak arzuw-niýeti bilen şahyryň edebi mirasyny täze usulda derňemäge synanyşdym. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy toýlanýan şanly ýylda meniň şahyryň döredijiligine bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti” atly monografiýam çap edildi. Bu ylmy monografiýada akyldar şahyryň edebi mirasyny terjimehal gahryman, liriki gahryman, liriki portret, roldaky gahryman we şahyrana şahsyýet ýaly edebi obrazlar arkaly derňeldi. Biziň döwletli diýarymyzda çeken zähmetiňe mynasyp baha berilýär. Ine, meniň hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek ugrundaky eden işlerimiň sarpalanmagy netijesinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany bilen “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglandym. Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen gowşurylan şa serpaýy meni ýene-de döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.
Şu bagtly pursatda ýurdumyzyň raýatlarynyň çeken halal, döredijilikli zähmetini mynasyp sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýüregimden sagbolsun aýdýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlary belent, janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan umumadamzat ähmiýetli tutumlary diňe rowaçlyga beslensin.
Muhammetguly Amansähedow,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň
Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory.