Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Döwlet gullugy akademiýasynyñ diñleýjileri adam serişdesini dolandyrmak boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

14.12.2024

52

Döwlet gullugy akademiýasynyñ diñleýjileri adam serişdesini dolandyrmak boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2024-nji ýylyñ oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ diñleýjileri Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ we Türkiýe Respublikasynyñ Prezidentiniñ Adam serişdeleri edarasynyñ arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamany durmuşa geçirmegiñ çäklerinde adam serişdesini dolandyrmak boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler.

Onlaýn seminarlar Türkiýe Respublikasynyñ Prezidentiniñ Adam serişdeleri edarasynyñ bilermenleri tarapyndan geçirildi.

Özara düşünişmek baradaky Ähtnama hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek hem-de döwlet gullukçylarynyñ hünär ösüşi bilen baglanyşykly möhüm çäreleriñ geçirilmegini, şol sanda adam serişdesini dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyñ giñeldilmegini, bilelikdäki okuw maksatnamalaryñ işläp taýýarlanylmagyny, uzak aralykdan okuwlaryñ geçirilmegini, şeýle hem mugallymlar we talyplar üçin okuw sapaklarynyñ guralmagyny öz içine alýar.

Onlaýn sapaklaryñ dowamynda "Adam serişdesiniñ strategiki meýilnamalaşdyrylmagy", "Dolandyrmakda zerur bolan ygtyýarlyklar", "Mümkinçilikleri dolandyrmak", "Maglumatlary seljermegiñ we dolandyrmagyñ esasy usullary", "Okatmagyñ sanly tejribeleri" ýaly mowzuklar boýunça maslahatlaşmalar geçirildi. Seýle hem, onlaýn seminarlar adam serişdesini strategiki dolandyrmagyñ wajyplygyna hem-de zämet kuwwatlylygyñ doly ulanylmagynyñ netijesinde kompaniýanyñ işgärlerini dolandyrmakda täsirine, bütin dünýäde dolandyryjylaryñ esasy ukyplaryna, işgärleri dolandyrmakda sanly tehnologiýalaryñ ulanylmagyna bagyşlandy.

Munuñ ýaly seminarlaryñ geçirilmegi adam serişdeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyñ hem-de döwlet gullugynda sanly ulgamyñ ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address