Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmenistan Şweýsariýa we Şwesiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny ösdürýär

14.12.2024

61

Türkmenistan Şweýsariýa we Şwesiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny ösdürýär

12-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şteli bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garadylar.

Gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Türkmenistanyň Hökümeti bilen Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň arasynda diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Ylalaşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Şweýsariýanyň Federal Geňeşiniň arasynda rugsatsyz ýaşaýan adamlaryň readmissiýasy hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda saparda bolýan Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

Şu ýylyň sentýabrynda Stokgolmda geçirilen türkmen-şwed syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti barada durup geçmek bilen, diplomatlar bu tejribäni dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny nygtadylar. Iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşdäki, hususan-da, BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki özara gatnaşyklarynyň netijelidigi bellenildi.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berildi. Bu babatda taraplar anyk başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address