
News
111

Şu gün Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygynyň öňýanynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramagynda geçirilen bu maslahata Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän mekdepleriň göreldeli taryh mugallymlary gatnaşdylar. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen baş ýörelgesine laýyklykda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere ugrukdyrmagy, jemgyýetçilik-syýasy işjeňlikleriniň ýokarlandyrylmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň «Gaýrat» hem-de «Magtymguly Pyragy» ýubileý medallarynyň eýesi, halypa mugallym, mirasgär Nurnazar Jumanazarow çykyşynda türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşine gadymy döwürlerden bäri ummasyz goşantlary goşup gelýän halkdygyny, Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň «Taryha syýahat» atly birinji babynda türkmen halkynyň adamzat taryhynyň ösüşine hem-de galkynyşyna möhüm täsirini ýetiren ajaýyp döwürleri, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklarda dörän Änew medeniýeti, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulyp, dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojagy hem-de dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen Nusaý galasy, Gündogaryň we Günbataryň medeni ösüşini birleşdiren hem-de maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmeginde uly ýardam beren Parfiýa döwleti, Togrul beg, Jelaleddin, Mälikşa, Soltan Sanjar ýaly soltanlaryň howandarlyk etmekleri netijesinde dünýäniň ylym merkezlerine öwrülen Merw, Sarahs, Ürgenç, Amul, Balh, Hyrat, Basra, Mosul, Bagdat, Yspyhan, Reý, Nişapur ýaly iri şäherleri öz çägine alan Beýik seljuklar döwri, Günbatardan Gündogara, Günortadan Demirgazyga uzap giden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen hem-de Merkezi Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň gadymy we orta asyrlar medeni-ykdysady ösüşine uly täsir eden Horezmşalar döwleti barada gyzykly söhbet edilýändigini buýsanç bilen belledi. Her bir sözi, her bir jümlesi beýik Watanymyza, halkymyza bolan çäksiz söýgä we milli buýsanja ýugrulan bu kitap esasynda ýaş nesillerde milli buýsanç duýgusyny terbiýelemek işinde täzeçe çemeleşmeleriň zerurdygy nygtaldy. Adamzadyň köp asyrlyk taryhynyň, edebi-ruhy durmuşynyň köklerini özünde jemleýän mirasymyzy öwrenmekde, her bir okyjyda dostlugyň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny terbiýelemekde Gahryman Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Adamzadyň has gadymy döwürlerinde döräp, giň geografik çäklerde ýaýran «Oguznama» eserleri, türkmen halkynyň milli ýörelgeler, Milli Liderimiziň «Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýokdur», «Iň belent söýgi Watan söýgüsidir», «Watanyň ykbaly bilen bagly ýaşaýyş durky bilen mähribanlykdyr» diýen taglymatlary esasynda watansöýüjilik terbiýesini kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleri şöhlelendirýän sergi görkezildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze döwrüň her bir gününiň bagtyýarlyga, rysgal-berekete, rowaçlyklara, beýik ýeňişlere hem-de üstünliklere beslenmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesi dünýä dolmagy arzuw edildi.