
News
129

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldy. Ol bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we alyşmalary giňeltmek, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen bilim babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraldy. Ýurdumyzyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzümine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektorlary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri girdi. Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň wekilleri, dostlukly döwletiň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Iş saparynyň çäklerinde Bilim synagy gullugy (ETS) guramasynyň hökümet we daşary gatnaşyklar boýunça direktory Ş.Litton bilen duşuşyk geçirilip, onda gullugyň işine syn berildi hem-de bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada teklipler beýan edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň “PISA” ýaly halkara barlaglara gatnaşmagyna taýýarlyk görmek, bilim maksatnamalaryna üstünlikli gatnaşmak üçin usulyýetleri işläp taýýarlamak, “SAT”, “ACT”, “GRE”, “GMAT”, “TOEFL” synaglarynyň esasynda iň täze tehnologiýalary, şol sanda emeli aňy ulanmak bilen, test soraglaryny işläp taýýarlamagyň usulyýetini döretmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.
Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçiren duşuşygyna ýurduň bilim, diplomatik edaralarynyň wekilleri, şol sanda Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy baradaky müdirligiň direktorynyň orunbasary T.Palçikow, Bütindünýä bilim maksatnamalary müdirliginiň direktorynyň orunbasary J.Şarp, Bilim departamentiniň Halkara işler müdirliginiň direktorynyň orunbasary J.Hong, Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça akademiki alyş-çalyş maksatnamalary müdirliginiň wagtlaýyn ýolbaşçysy K.Keiting dagy gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyrynyň netijesinde, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda hökümetara Ähtnama gol çekildi. Oňa laýyklykda, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde bilim ulgamyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip düzüldi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň ýola goýlan mehanizminiň netijeli häsiýeti, onuň täze wezipeleri kesgitlemekdäki ähmiýeti bellenildi. Duşuşykda amerikan tarapy Türkmenistanda bilim ulgamyny halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işlere ýokary baha berdi. Şeýle-de ABŞ-nyň «ACCELS» halkara bilim geňeşleri tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän “ELF”, “TEA”, “SUSI”, “Fulbright”, “Global UGRAD”, “IVLP”, “TechGirls”, “OpenWorld” ýaly maksatnamalara türkmen talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmak tejribesiniň oňyn netije berýändigi nygtaldy. Şunda amerikaly hyzmatdaşlar “Fulbright”, “Study in USA”, “IVLP” bilim maksatnamalary arkaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegi teklip etdiler. Hususan-da, bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça akademiki baha beriş usullaryny, bilim statistikasynyň derňewini, guramaçylyk we maksatnamalar akkreditasiýasynyň tertibini, merkezi synaglary, mugallymlaryň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sertifikatlaşdyrylyşyny we ygtyýarnamalaşdyrylyşyny, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilimi, önümçiligi birleşdirmek tejribesini öwrenmek meselesinde işjeň hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Türkmenistanda ABŞ-nyň abraýly bilim ojagynyň şahamçasyny açmakda bilelikdäki işiň ähmiýetine üns çekildi.
«AC» dil mekdebinde geçirilen duşuşykda bolsa halkara hil standartlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň zähmet bazarynyň zerurlyklarydyr talaplaryna laýyklykda ýörite okuw maksatnamalaryny, şol sanda syýahatçylyk, tehnologiýalar, inženerçilik, işewürlik we dolandyryş, energetika, oba hojalyk toplumlary üçin maksatnamalary işläp düzmek teklip edildi. Munuň özi türkmen ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça strategik başlangyçlary goldamaga, ýurdumyzyň esasy ykdysady toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Agzalan dil mekdebiniň wekilleri, öz gezeginde, talyplara we hünärmenlere halkara derejede ykrar edilen güwänamalary almaga mümkinçilik berjek sertifikasiýa ulgamyny ornaşdyrmagy teklip etdi. Bu bolsa olaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün eder, Türkmenistanyň ählumumy bilim, ykdysady ulgamlara üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berer. Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça geňeşiň (CHEA) wekilleri bilen onlaýn duşuşyga hem gatnaşdy. Türkmenistanyň akkreditasiýa ulgamyny halkara derejä çykarmak we bilim maksatnamalaryny akkreditasiýa etmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ýurdumyza ornaşdyrmak duşuşygyň esasy mowzugy boldy.
Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň prezidenti T.Dýakon bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde, Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar akademiki maksatnamalary giňeltmegi, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlary döretmegi, ýurtlaryň arasynda medeni alyşmalary güýçlendirmegi göz öňünde tutýar. Saparyň çäginde Kent döwlet uniwersitetinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Onuň çäklerinde guralan Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly seýrek kitaplary, golýazmalary, sungat eserlerini öz içine alan sergä aýratyn üns berildi. Uniwersitetiň talyplary we Türkmenistandan gatnaşyjylar tarapyndan guralan Magtymgulynyň goşgularynyň çeper okaýyşlary has-da täsirli boldy.
Türkmen wekiliýetiniň Kent döwlet uniwersitetine saparynyň çäklerinde birnäçe möhüm gepleşikler geçirildi. Wise-prezident M.Fantoni bilen bolan duşuşykda özara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, bu bilim ojagy bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň dowamynda wekiliýet uniwersitetiň dizaýn fakultetine hem baryp gördi. Fakultetiň wekilleri moda we dizaýn pudagynda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak hem-de döretmek üçin ulanylýan häzirki zaman usullary, çemeleşmeler barada gürrüň berdiler. Hyzmatdaşlygyň bu ugry halkara bazaryň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda örän möhümdir. Gurluşyk we binagärlik fakultetinde bolsa binagärlik çözgütlerinde, «akylly» şäherleri döretmekde, häzirki zaman materiallaryny peýdalanmakda ulanylýan emeli aň babatda soňky gazanylanlar barada giňişleýin maglumat berildi.
Umuman, saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda ýakyn geljekde türkmen tarapy bilen ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki we ylmy gatnaşyklary has-da pugtalandyrjak «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Türkmen wekiliýetiniň bu iş sapary ýokary netijeli häsiýete eýe bolmak bilen, ynsanperwer ugurly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň taryhynda nobatdaky aýgytly ädime öwrüldi.
“Türkmenistan”
08.10.2024ý. №257
Çeşmesi: Turkmenmetbugat