Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Halkara tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilikler

17.12.2024

115

Halkara tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilikler

Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul etmek dabarasyna hem-de ugurdaş halkara çärelerine gatnaşmak üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Talyplar sport klubynyň başlygy S.Gurdow, Ylym bölüminiň hünärmeni B.Öwezow 2024-nji ýylyň 16-19-njy dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar. 2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Hemmeler üçin olimpiýa sporty we sport» atly halkara ylmy maslahatyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Almaty şäherinde iş saparynda bolýan wekilleri, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň binýadynda professor-mugallymlar, talyp ýaşlar wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Ugurdaş çäreleriň hatarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň dünýä jemgyýetçiliginde öňdebaryjy sport ugurly ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýän Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul edilişik dabarasy, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda bedenterbiýe we sport ugry boýunça mugallymlardyr tälimçiler üçin «Okuw-türgenleşik tapgyrlaryny guramagyň häzirki zaman çemeleşmeleri» atly hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary, sport boýunça ylmy-barlag institutynyň alyp barýan işleri bilen tanyşlyk, Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak ýaly möhüm ugurlar göz öňünde tutulýar.

Halkara tejribesinden ugur alyp, sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär we dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň esaslary berkidilýär. Sportda döwrebap usullary we innowasiýalary özleşdirmek häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin hem halkara tejribesi bilen tanyşmak türgenleşik tapgyrlarynyň täze usulyýetlerini ornaşdyrmaga giň ýol açýar. Sportda, ylym-bilimde halkara tejribesini öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni

Çeşmesi: Türkmen Döwlet Bedenterbiýe we Sport instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address