Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ýöriteleşdirilen umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin “Matematika” okuw kitabynyň aýratynlyklary

05.10.2024

870

Ýöriteleşdirilen umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin “Matematika” okuw kitabynyň aýratynlyklary

“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) bilimiň mazmunyny kämilleşdirmäge täze talaplaryň goýulmagy, “Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartynda”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” okuwçylaryň matematika okuw dersi boýunça bilimlerine we başarnyklaryna ýokary talaplaryň bildirilmegi, ”Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde ugurlar boýunça okadylyp başlanmagy bilen, matematika dersini okatmagy kämilleşdirmegiň zerurdygyndan ugur alnyp, takyk ylmy ugurlara degişli okuw dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen orta mekdepler üçin matematika dersi boýunça okuw maksatnamalary işlenip düzüldi, olaryň esasynda okuw kitaplary neşir edilýär.

Neşir edilen şeýle okuw kitaplarynyň biri-de matematika çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin “Matematika” (I we II kitap) okuw kitabydyr. ,,Matematika. I kitap” okuw ýylynyň birinji ýarymynda, onuň dowamy bolan ,,Matematika. II kitap” okuw ýylynyň ikinji ýarymynda okadylýar. 

Bu okuw kitaby adaty orta mekdepleriň matematika dersi boýunça okuw kitabynyň ähli maglumatlaryny özünde saklamak bilen, okuwçylaryň degişli nazary maglumatlary has ýokary derejede özleşdirmeklerini we çylşyrymly meseleleri çözmek başarnyklaryny ele almaklaryny maksat edinýär.

Okuw kitabyndaky temalary özleşdirmek bilen, okuwçylar matematiki we amaly meseleleri çözmek üçin formulalaryň, deňlemeleriň hem-de deňsizlikleriň ulanylyşyny, san düşünjesiniň amalyýetiň talaplaryna laýyklykda giňeldilişini, daş-töwerekde bolup geçýän wakalaryň ähtimallyk häsiýetleriniň düşündirilişini, matematiki düşünjeleriň amaly meseleler bilen baglanyşykly ýüze çykyşyny, kesgitlemelere esaslanyp, meseleleriň çözülişini bilmelidirler. 

Okuw kitabynda okuwçylaryň hasaplaýyş endiklerini ösdürmäge köp üns berilýär. Çözülmeli meseleleriň aglabasynda ozal öwrenilen maglumatlara gaýdyp gelinýär. Öň öwrenilen düşünjeler bilen baglanyşykly meseleler okuw kitabynyň bütin dowamynda duş gelýär. Şeýle gurluş degişli düşünjeleri okuwçylara gaýtadan ýatladyp durmagy üpjün edýär.

Okuw kitabynda täze girizilýän düşünjeler ilki anyk mysallaryň üsti bilen düşündirilýär. Birnäçe meseleleri çözmegiň barşynda kem-kemden şol düşünje kemala getirilýär.

Matematika sapaklarynda okuwçylara öz pikirini dogry aýtmagy öwretmek, olaryň dil we ýazuw sözleýşini ösdürmek möhüm meseleleriň biridir. Şu nukdaýnazardan okuw kitabynda okuwçylaryň dil we ýazuw sözleýşine aýratyn ähmiýet berilýär. Okuw kitabynda aňlatmalary, formulalary dogry okamaklyga ýardam edýän düşündirişler ,,M” şertli belgi bilen berilýär.

Okuw-terbiýeçilik işiniň hilini gowulandyrmakda, okatmagyň hilini kämilleşdirmekde dersara baglanyşygy guramaklyga hem uly orun degişlidir. Okuw kitabynda informatikanyň elementleri barada ilkinji düşünjeleriň kemala gelmegine ýardam edýän meseleler, şeýle-de temalaryň birnäçesine degişli taryhy maglumatlar berlendir.

Okuw kitabynyň soňunda getirilýän halkara adalgalar we belgiler baradaky maglumatlary synpda we synpdan daşary çärelerde ulanmak maksadalaýykdyr. Okuw kitabyndaky halkara adalgalaryň gelip çykyşy we many-mazmuny bilen okuwçylaryň tanyşdyrylmagy, olaryň matematika bolan gyzyklanmalaryny ösdürmäge ýardam eder. 

Matematika sapaklarynda geçilýän temalar bilen sazlaşyklylykda türkmeniň kalbyna ornan ruhy-ahlak häsiýetleri barada dana ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän we müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, baýlaşyp biziň günlerimize gelip ýeten atalar sözlerini, nakyllary özünde jemleýän "Paýhas çeşmesi" kitabyndan peýdalanyp, okuwçylarda ruhy-ahlak, zähmetsöýerlik, watansöýüjilik häsiýetlerini kemala getirmek hem-de türkmeniň milli mirasyna siňen medeni we ruhy baýlyklaryna, baý medeniýetimize, şöhratly geçmişimize buýsanjy terbiýelemek, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksadalaýykdyr. Şu nukdaýnazardan okuw kitabyna ““Paýhas çeşmesi” atly kitapdaky natural sanlar ulanylan atalar sözi we nakyllar” atly tema girizildi, atalar sözüne we nakyllara degişli meseleler berildi. 

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýe mekdebidir. Pyragynyň höwes bilen okalýan, öwrenilýän döredijiligine degişli maglumatlar umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw maksatnamalaryna, okuw kitaplaryna girizilýär. Muňa umumybilim berýän mekdepleriň V synpynyň matematika dersi boýunça okuw maksatnamasyna “Magtymgulynyň goşgularynda natural sanlaryň ulanylyşy” atly temanyň girizilmegi, matematika çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň V synpy üçin täze neşir edilen “Matematika” okuw kitabynda natural sanlaryň okalyşyna we ýazylyşyna degişli gönükmelerde şahyryň goşgularyndaky sanlaryň ulanylmagy aýdyň mysal bolup biler. Munuň özi kitapdaky temalaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna matematiki nukdaýnazardan seljerme berilmegine, şahyryň goşgularyny okuwçylaryň has gowy öwrenmegine, goşgularyň many-mazmunyna düşünmegine, öwredilýän temalary gowy özleşdirmeklerine mümkinçilik berýär. 

Gündogdy Şadurdyýew, 

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler 

bölüminiň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent.


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address