Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Meniň halypa mugallymym” atly maslahat geçirildi

05.10.2024

145

“Meniň halypa mugallymym” atly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň açylmagynyň 2 ýyllygy we Halkara mugallymlar güni mynasybetli “Meniň halypa mugallymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda döredilen ÝUNESKO kafedrasynyň we klublarynyň ýolbaşçylary, institutymyzyň halypa-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

“Meniň halypa mugallymym” atly maslahatyň başynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ömür we zähmet ýoluna bagyşlanan dokumental filmiň görkezilişi boldy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň Geňeşiniň başlygy Aýna Baýmuradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras: geçmişden geljege” atly ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri Bike Diwangulyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň başlygy Merjen Berdiýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO klubynyň başlygy Ogulsabyr Berdiýewa, Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň başlygy Gunça Şamyradowa dagy çykyş etdi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredijilik toparynyň höwesjeň talyplarynyň uly şatlyk-şowhun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Sähra ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

Çeşmesi: Halkara gatnaşyklary instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address