Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri Gazagystanda iş saparyny amala aşyrýarlar

19.12.2024

57

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri Gazagystanda iş saparyny amala aşyrýarlar

Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul etmek dabarasyna hem-de ugurdaş halkara çärelerine gatnaşmak üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-19-njy dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar.

2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Hemmeler üçin olimpiýa sporty we sport» atly halkara ylmy maslahatyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Almaty şäherinde iş saparynda bolýan wekilleri, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň binýadynda professor-mugallymlar, talyp ýaşlar wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Ugurdaş çäreleriň hatarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň dünýä jemgyýetçiliginde öňdebaryjy sport ugurly ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýän Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna resmi kabul edilişik dabarasy, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda bedenterbiýe we sport ugry boýunça mugallymlardyr tälimçiler üçin «Okuw-türgenleşik tapgyrlaryny guramagyň häzirki zaman çemeleşmeleri» atly hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary, sport boýunça ylmy-barlag institutynyň alyp barýan işleri bilen tanyşlyk, Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak ýaly möhüm ugurlar göz öňünde tutulýar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address