Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

25.12.2024

156

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

24-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistandaky wezipesini tamamlaýan Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, diplomatlar halkara we sebit gurluşlarynyň çäginde Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky konstruktiw gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň barşynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostynyň türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösmeginde mynasyp şahsy goşandynyň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary diplomatyň işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address