Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

TDYDI: täze ýylda näme ösüşler garaşylýar

26.12.2024

285

TDYDI: täze ýylda näme ösüşler garaşylýar

2024-nji ýylda Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, oba hojalygyndaky ýokary öndürijilik we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Türkmenistandaky bilim we sport ulgamlaryndaky üstünlikler bolsa ýaş nesliň geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrdy.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem bu ösüşleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Institut bilim, ylym we tehnologiýa ugurlarynda birnäçe möhüm çäreleri üstünlikli geçirip, halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrdy.

Startup bäsleşigi geçirildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu çäräniň maksady ýaş zehinleriň innowasion başlangyçlaryny goldamakdy.

I orun: Aşyr Jumagulyýewiň “Aşyr” atly gaty galyndylary gaýtadan işleýän kärhanasy.

II orun: Yhlas Kerimow we Azat Orazgeldiýewiň “GymBuddy” atly ýöriteleşdirilen online fitnes programmasy.

III orun: Ymamhasan Abaýewiň “Logistika ulgamy üçin Mobil programma” taslamasy.

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, bu bolsa ýaş zehinleriň geljekde has uly üstünliklere ýetmegine itergi berdi.

Türkmenistan-Ermenistan hyzmatdaşlygy güýçlenýär

2024-nji ýylda bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasynda bilim hyzmatdaşlygy has-da giňeldi. Professor Narek Karapetýanyň türkmen talyplary üçin geçiren okuw sapagy iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilýändigini görkezdi. Mundan başga-da, türkmen we ermeni uniwersitetleriniň arasynda täze ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistan 2025-nji ýyla buýsanç we ynam bilen gadam basýar. Sebitiň hem-de dünýäniň durnukly ösüşine uly goşant goşýan döwlet hökmünde ýurdumyzy has-da öňe çykarmak, täze mümkinçilikleriň gapysyny açmak üçin giň mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň täze ýyly üstünlikler, ösüş we belent maksatlar bilen garşylamagy ýurdumyzy geljege has ynamly ädimler bilen alyp barýar.

Rüstem ATAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň dekany

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address