Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Eýran türkmen bazaryna eksportyny artdyrdy

27.12.2024

166

Eýran türkmen bazaryna eksportyny artdyrdy

Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 9 aýynda (2024-nji ýylyň 21-nji martyndan bäri) ýurduň Türkmenistan bilen serhetdäki Sarahs demir ýol bekedi arkaly eksport eden harytlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň demir ýol edarasynyň baş direktory Mustafa Nasiriniň sözlerine salgylanyp, «IRNA» ýazýar.

Hasabat döwründe Saras demir ýol bekediniň üsti bilen daşalan halkara ýükleriň (eksport, import we üstaşyr) umumy mukdary 2 million 200 müň tonna deň boldy. Şonuň 840 müň tonnasy daşary ýurtlara eksport edilen eýran harytlarynyň paýyna düşýär. Umumy eksport edilen ýükleriň 810 müň tonnasy bolsa Horasan-Rezawi welaýatyndan iberilipdir. Eksportyň esasy bölegi eýran wagonlary arkaly Türkmenistana amala aşyrylypdyr.

Sarahs demir ýol bekedi arkaly amala aşyrylan import hem 37 göterim ýokarlanyp, 61 müň tonna ýetdi. Importyň esasy bölegi pagta we oba hojalyk önümlerine degişli.

Ýeri gelende bellesek, Eýran geçen ýyl Sarahs serhetýaka demir ýol bekediniň üsti bilen 1 million 35 müň tonna ýüki eksport edipdi.

Maglumat üçin, gümrük we serhet geçelgesini özünde jemleýän Sarahs demir ýol bekedi Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Horasan-Rezawi welaýatynda, Maşadyň 185 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. Ol Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen eksport we import amallarynda esasy nokatlaryň biridir.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address