Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmenistan täze onkologiýa merkezini enjamlaşdyrmakda MAGATE bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

27.12.2024

181

Türkmenistan täze onkologiýa merkezini enjamlaşdyrmakda MAGATE bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan ýurdumyzda onkologiýa boýunça kömegi ösdürmek üçin ýadro lukmançylygy babatda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen tanyşlygynyň barşynda nygtady – diýip, TDH agentligi habar berýär.

«Saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da, ýadro lukmançylygynda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we onuň wekilleri bilen maslahatlary geçirmek zerurdyr. Bu aýratyn-da täze desgada galyndylar bilen işlemegiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin örän möhümdir» - diýlip, habarda bellenilýär.

Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulýan merkez 500 orunlyk bolar. Bu lukmançylyk edarasynda onkologiýa kesellerini bejermegiň ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we dikeldişlik bölümleri ýerleşdiriler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine görä, radioaktiw galyndylar bilen howpsuz işlemek we merkezi häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek boýunça MAGATE guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berler. Şunda agentligiň bilermenleri bilen maslahatlaryň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin, şol sanda öňdebaryjy halkara klinikalarynda tejribe alyşmak üçin şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem ýurduň içinde we daşary ýurtlarda degişli lukmançylyk edaralary bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

«Täze merkeziň işi ýurtda onkologiýa keselleri bilen netijeli göreşmäge gönükdirilendir. Bu ugurda ýola goýlan gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu ýerde şu ugur boýunça öňdebaryjy halkara guramasy - MAGATE bilen hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmaga aýratyn üns bermeli. Bu täze Merkeziň talabalaýyk işlemeginiň esasy şertleriniň biridir» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address