Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmenistanyň DIM-inde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

27.12.2024

145

Türkmenistanyň DIM-inde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara bölüminiň müdiriniň orunbasary Çen Çžou bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Parlament diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýete eýedigi tassyklanyldy, şonuň bilen birlikde, iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan parlamentara hem-de partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi bellenildi.

Duşuşykda söhbetdeşler uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan we özara bähbitlere laýyk gelýän iki ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak baradaky ygrarlylygy hem tassyklandy.

Taraplar iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine we ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etmäge bolan meýillerini beýan etdiler diýlip, çeşmede bellenilýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address