Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

GDA-da Türkmenistanyñ baş arçasy ýene-de iñ beýigi boldy

28.12.2024

189

GDA-da Türkmenistanyñ baş arçasy ýene-de iñ beýigi boldy

Gyşky baýramçylyklaryñ gelmegi bilen, GDA ýurtlarynyñ paýtagtlary aýdyñ yşyklar bilen ýalpyldap ugrady, merkezi meýdançalarda bolsa owadan Täze ýyl arçalary bezeldi. Olaryñ her birisi özboluşly owadandyr hem-de beýikligi bilen haýran galdyrýar. Orient habarçysy GDA ýurtlarynyñ Täze ýyl arçlary bilen tanyşdyrýar.

GDA-nyñ iñ beýik arçasyndan başlaly. Aşgabatdaky "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniñ meýdançasynda bezelgi duran 44 metrlik owadan ýaşyl arça ýene bu ada mynasyp boldy. Onuñ bezeginde 4 müñden gowrak oýnawaç hem-de 55 müñ ýagtylyk çyrajyklary ulandy. Arçanyñ daşynda yşyk bezegleri, tematiki heýkelleri ýerleşdirilendir.

Ikinji ýerde Ermenistan

Ýerewanda 37 metrlik baş arçanyñ yşyklaryny 5-nji dekabrda ýakdylar. Onuñ bezegleri altyn we kümüş bölekler bilen milli nagyşly ermeni stilde ýerine ýetirilen.

1 Ermenistanyň täze ýyl arçasy.jpg

Üçünji ýerde Özbegistan

Daşkentdäki Garaşsyzlyk meýdançasynda beýikligi 35m bolan arçany oturtdylar. Onuñ bezegi milli özbek äheñlerini we häzirki zaman tehnologiýalary özünde jemleýär. Arçanyñ daşynda baýramçylyk ýarmarkalary, attraksionler we dynç-alyş zolaklar ýer aldy.

2 Özbegistanyň täze ýyl arçasy.jpg

Azerbaýjan dördünji ýeri eýeleýär

2024-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda Bakuñ merkezindäki meýdançasynda 34 metrlik baş arçany oturtdylar. Ol birnäçe kilometr bezeg çyrajyklar we on müñlerçe oýnawaçlar bilen bezelen. Çyrajyklañ ýakylmagy feýerwerkden we yşyklar şowhunyndan ybarat bolan baýramçylyk agşamynyñ esasy pursady boldy.

3 Azerbayjanyň täze ýyl arçasy.jpg

Bäşinji orunda Gyrgyzystan

14-nji dekabrda Bişkekdäki Ala-Too meýdançasynda 32 metrlik arçanyñ yşyklary ýakyldy. Onuñ bezegleri 4 müñ oýnawaçdan we ýalpyldaýan çyrajyklardan ybarat. Çyrajyklary ýakmak pursady artistleriñ we çagalaryñ toparlarynyñ çykyşlary bilen utgaşdyryldy.

4 Gyrgyzstanyň täze ýyl arçasy.jpg

Altynjy ýerde Belarus

8-nji dekabrda Minskiñ Oktýabr meýdançasynda 30 metrlik owadan arçany oturdyp, ol paýtagtyñ esasy gyşky ajaýyplygy boldy. Onuñ bezegi 3,2 km çyra bezeglerini öz içine alýar.

5 Belarusyň täze ýyl arçasy.jpg

Täze ýyl arçasynyñ beýikligi boýunça ýedinji orny Täjigistan

10-njy dekabrda Duşanbeniñ Garaşsyzlyk meýdançasynda beýikligi 30 metr bolan arçany oturdylar. Onuñ bezegi owadan illýuminasiýadan we baýramçylyk oýnawaçlaryndan ybarat. Arçanyñ daşynda Täze ýyl erteki şäheri ýerleşdirilip, onda arkalar, gar adamlar hem-de Aýaz babanyñ öýi döredildi.

6 Täjigistanyň täze ýyl arçasy.jpg

Sanawdaky sekizinji ýerde Russiýa bilen Gazagystan

15-nji dekabrda Moskwanyñ Kremliñ Sobor meýdançasynda beýikligi 25 m bolan arça oturdyldy. Ony saz gurallary şeklindäki oýnawaçlar we 1,2 km-lik çyra bezegleri bilen bezediler.

7 Russuýanyň täze ýyl arçasy.jpg

7-nji dekabrda bolsa Astanada beýikligi 25 m bolan arça oturdylyp, ol milli nagyşlar we häzirki zaman yşyklar bilen bezelen.

8 Gazagystanyň täze ýyl arçasy

GDA ýurtlarynyñ her bir Täze ýyl arçasy täsirli ýatlamalar galar ýaly gyşky dynç alyş döwründe gezelenç etmäge bir sebäpdir.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address