Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy

28.12.2024

184

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan 2024 – nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-21-nji dekabry aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän talyp ýaşlary we ýeňijileri taýýarlan mugallymlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky Döwlet bäsleşigi Türkmenistanyň taryhy, türken dili, rus dili, iňlis dili, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, ykdysadyýet, häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, inžener grafikasy, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, ekologiýa ýaly okuw dersleri boýunça geçirildi. Döwlet bäsleşigiň jemleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary I, II we III derejeli diplomlara mynasyp boldylar.

Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan hünäri boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy barlaglar bilen meşgul bolýan ýaşlary goldamak, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlaryň ylmy gurnaklaryny we geňeşlerini döretmek, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak, öwrenen bilimlerini ylym-bilim ulgamynda giňden ulanmaga çekmek boýunça işleriň gerimini giňeltmek, telekeçilige goldaw bermek, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň giňden durmuşa geçirilmegi ýaşlary täze belent üstünliklere ruhlandyrýar.

Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň ýaşlara okamaga, saýlap alan hünärlerini kämil derejede öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address