Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Abadan durmuşyň hatyrasyna

01.10.2024

134

Abadan durmuşyň hatyrasyna

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilen çäreleriň jemleri jemlenildi we onuň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary we mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, müdirligiň gözegçileri gatnaşdylar. Dabara IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.

Her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp guralýan çäreler, maslahatlar, usulyýet okuwlary, öňüni alyş işleri ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegine, ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine ýardam edýär. Şeýle asylly işler her bir adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Çäräniň ýapylyş dabarasynda mekdep okuwçylary we mugallymlar Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň taryhy muzeýi we bu ýerdäki eksponatlar, şeýle hem Çagalar awtoşäherçesiniň döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglary bilen tanyşdylar. Şeýle gezelençler oňa gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň düzgünleri bilen bagly düşünjeleriniň artmagyna ýardam edýär. Bilesigeliji ýaşlar ýol hereketine gatnaşyjylaryň berjaý etmeli düzgünleri, hereketleriň sazlaşdyrylyşy barada mugallymlara we Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň gözegçilerine özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan we bolelin durmuşyna gönükdirilen döwletli işleri, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, köpçülik ýerlerinde özüňi salyhatly we medeniýetli alyp barmak hakynda gürrüň berdiler. Ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri, olaryň öňüni almagyň ýollary, herekete gatnaşyjylaryň borçlary, ýoldan geçilende hereket howpsuzlygynyň kadalaryna eýermek baradaky aýdylanlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler eşretli zamanany peşgeş beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş aýtdylar.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.

«Türkmenistan».

01.10.2024ý. №251.

Çeşmesi: Türkmenmetbugat

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address