
News
105

Ylymly-bilimli ýaşlar — eziz Watanymyzyň röwşen geljegi. Şu jähetden, olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, ösdürmek hem-de ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri, ýetýän sepgitleri baradaky hoş habarlary eşideniňde, öz ýanyňdan «berekellasyny» ýetireniňi duýman galýarsyň. Şeýle buýsandyryjy habarlaryň bolsa yzy üzülmeýär.
Milli bilim ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetilmegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Ýaş nesli ylymly edip terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilýär. Talyplar, okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Munuň şeýledigini her ýylda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesiniň halkara derejede geçirilýän bilim, taslama, internet bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerinde-de görmek bolýar. Olar bu bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýarlar.
Golaýda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasynyň MAHSA (Malaysian Allied Health Sciences Academy) uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşigi we sergisi geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Oguzhan Mergenow, 11-nji synp okuwçysy Rahmanberdi Ödemyradow, 11-nji synp okuwçysy Kerimberdi Myratlyýew hem-de 10-njy synp okuwçysy Aýhan Arslanow öz taslama işleri bilen internet arkaly hasaba alnyp, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu topara mekdep-internatynyň informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew ýolbaşçylyk etdi. Olar Meksikanyň, Gazagystanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň we beýleki birnäçe döwletleriň zehinli okuwçylary bilen bäsleşdiler.
Şeýlelikde, K.Myratlyýew «Novalorep web sahypasy» atly taslama işi bilen ýörite sylaga we altyn medala, O.Mergenow «Atmosfera gözegçilikli ammary», R.Ödemyradow «E-ulag web sahypasy», A.Arslanow «E-rent web sahypasy» ýaly taslama işleri bilen kümüş medallara mynasyp boldular. Mekdep okuwçylarynyň bu gazanan üstünlikleriniň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerine gabat gelmegi ýaşlaryň ajaýyp toý sowgady boldy.
Sona DURDYÝEWA.
“Türkmenistan”
01.10.2024ý. №251