Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Kataryň “Al Sharq” gazetinde türkmen Ilçisiniň makalasy çap edildi

15.01.2025

123

Kataryň “Al Sharq” gazetinde türkmen Ilçisiniň makalasy çap edildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da makalasyny neşir etdi.

Makalada diplomat Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýynyň wajyplygy barada aýratyn belläp geçýär. Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň parahatsöýüjilik syýasatynyň aýdyň nusgasy boldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň ýurdumyza bolan ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky öňdebaryjy abraýyny berkidýär.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip we “Dialog – parahatçylygyň kepili” ylmy-filosofiki çemeleşmäniň tarapdary bolup, Türkmenistan halkara gatnaşyklary ösdürmekde, ähliumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde öz möhüm goşandyny goşýar.

2024-nji ýylda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny belledi. Bu şanly sene mynasybetli ýurtda dünýäniň dürli döwletlerinden gelen wekilleriň gatnaşmagynda halkara forum geçirildi. Ilçiniň makalasynda berilýän maglumatlara görä, bu foruma Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz ben Mohammed Al-Horr hem gatnaşdy. Bu bolsa türkmen-katar gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze ýollaryň açylýandygyna şaýatlyk edýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address