Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Usuly-amaly maslahat geçirildi

16.01.2025

327

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çeper döredijilige örän uly gadyr goýýar hem-de ajaýyp kitaplaryny halkymyza yzygiderli serpaý edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy munuň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň täze kitabynyň many-mazmuny halkymyzyň ruhy hazynasyny baýlaşdyrýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”älem sazlaşygynyň hem-de tutuş dünýäde sözüň üsti bilen parahatçylygyň hem-de adalatyň dabaralanjakdygynyň aýdyň kepili bolup ýaňlanjak 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde “Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabyny okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanmagyň usullary” atly ylmy-usuly maslahat ýokary guramaçylykly geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar mekdep muzeýindäki eksponatlary synladylar. Döwlet Baştutanlarymyzyň atalyk kitaplaryndan düzülen kitap sergisine syn etdiler.

Her aýda geçirilýän usuly –amaly maslahatyň başynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimowyň çykyşy diňlenildi.

Çykyşyň dowamynda Mekdep müdiri O.Durdyýewanyň, TMBI-niň Zähmet we hünär bilim bölüminiň müdiri B.Geldiýewiň, TMBI-niň Jemgyýetçilik bilimler bölüminiň esasy ylmy işgäri G.Nuryýewanyň, Aşgabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy G.Çarygulyýewanyň, TMBI-niň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň uly ylmy işgäri B.Çaryýewanyň, TMBI-niň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň esasy ylmy işgäri O.Altaýewanyň hem-de TMBI-niň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri N.Aşyrmämmedowyň çykyşlaryna giňişleýin orun berildi.

Usuly-amaly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri”atly ajaýyp eserinden ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýoly barada maglumatlary, halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik taglymatlaryny mekdep okuwçylaryna bilim-terbiýe bermekde peýdalanmagyň usullary boýunça degişli maslahatlary berdiler.

Bu eser bilen baglylykda halkymyzyň ruhy baýlygy bolan taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, ruhy gymmatlyklarymyz arkaly ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ogulşat Durdyýewa,

 Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň

Berdimuhamet Annaýew adyndaky

maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we

kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen

27-nji orta mekdebiň müdiri.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address