Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmenistanly Beýik Watançylyk urşunyň weterany 100 ýaşyny belledi

20.01.2025

181

Türkmenistanly Beýik Watançylyk urşunyň weterany 100 ýaşyny belledi

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Köşek Soltanmyradow 100 ýaşyny belledi. Bu şanly ýubileý ýaşy bilen ony çagalary, agtyklary, çowluklary, şeýle hem dogan-garyndaşlary mähirli gutladylar – diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hormatly ýaşulynyň bäş ogly, üç gyzy, on bäş agtygy hem ýigrimi dört çowlugy bar.

Köşek Soltanmyradow 1943-nji ýylda bary-ýogy 18 ýaşy dolanda fronta gidýär. Ol köp söweşlere gatnaşmak bilen, bu gazaply uruşda mertlik we gaýduwsyzlyk görkezýär, munuň üçin köp sanly orden-medallara mynasyp bolýar.

Uruşdan gaýdyp gelenden soň ol uzak wagtlap hukuk goraýjy edaralarda işleýär.

Dabaraly çärede ýaşuly weterany welaýat häkimliginiň işgärleri, Daşoguz welaýat kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher we welaýat komitetleriniň wekilleri gutladylar. Oňa gymmatly sowgatlar we gül desselerini gowşurdylar. Weteran welaýatyň ýaş nesilleri bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, olary Watany söýmäge we onuň gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşmaga çagyrýar.

Köşek Soltanmyradow gazete beren interwýusynda Türkmenistanda uruş weteranlaryna uly üns berilýändigini, şol sanda lukmançylyk barlaglarynyň geçirilýändigini, şeýle-de şypahana bejergisi bilen üpjün edilýändigini belledi. Ol ýurtda bolup geçýän oňyn özgertmelere diýseň buýsanýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň ilatyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address