Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmen talyplarynyň küşt Olimpiadasyndaky üstünligi

28.09.2024

129

Türkmen talyplarynyň küşt Olimpiadasyndaky üstünligi

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary kiçi altyn medallara mynasyp boldular. Erkeklerden düzülen ýygyndymyz 15 utuk bilen “B” kategoriýada, zenan türgenler bolsa 14 utuk bilen “C” kategoriýada ýeňiji boldular. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy küşt boýunça Bütindünýä küşt olimpiadalarynyň taryhyndaky iň ýokary netijäni gazanmagy başardy. Bu iri dünýä ýaryşynda döwletimiziň abraýyny gorap çykyş eden milli türgenlerimiziň hatarynda halkara sport ussady Saparmyrat Atabaýew, halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew, Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşan Amanmuhammet Hommadow, Allaýar Şirliýew, Wepaly Halynyýazow dagy bar.

Zenan küştçileriň arasynda diňe 18 ýaşly Lala Şohradowanyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak boýunça tejribesi bar. Merýem Agajanowa, Leýla Şöhradowa, Jahan Rejepowa, Eneş Arazmedowa dagy bolsa, Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan ynamly oýun görkezdiler.

Bu üstünlige talyplaryň saldamly goşant goşandygyny aýtmak gerek. Olardan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Amanmuhammet Hommadowy, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halynyýazowy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şohradowany görkezmek bolar. Türkmenistanly türgenlere, şol sanda talyp türgenlerimize rowaçlyk we üstünlik arzuw edýäris!

Orazbibi HAJYAMANOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby. 


Çeşmesi: Türkmenistanyň Döwlet Bedenterbiýe we Sport instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address