Aşgabat
News
56
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly belleniljek ýylyndahemme pudakda bu baýrama ulyüstünlikler bilen barmak üçin aýratyn tagalla edilip zähmet çekilýär. Muňa ylym-bilim ulgamynda eýýäm ýylyň başynda gazanylan üstünlikler mysal bolup biler.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwletimizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, hünär bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär, düýpli bilim özgertmeleri amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn ýardam bermegi bilen, döwrebap enjamlaşdyrylan umumybilim berýän okuw mekdeplerimizde ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk, milli we dünýä tejribesiniň esasynda bilim berilýär.
Dünýä ýurtlarynda dürli derslerden halkara derejesinde olimpiadalar yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşiklere türkmen mekdep okuwçylary hem yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna şol bäsleşiklere gatnaşmaga amatly şertleri döredip berýär. Şu ýylyň 13 – 17-nli ýanwary aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde bu ýurduň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkeziniň guramagynda takyk ylmy ugurlara degişli matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XXI Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň 15-sinden mekdep okuwçylarynyň 700-den gowragy, şol sanda, biziň ýurdumyzdan zehinli çagalaryň 21-si gatnaşyp, özara bäsleşdiler we üstünlikli çykyş etdiler.
Matematika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 135-nji mekdebiň 12-nji synp okuwçylary Hamza Allaberdiýew altyn medala, Maksat Babageldiýew bolsa kümüş medala mynasyp boldular.
Paýtagtymyzdaky iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 86-njy mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Rahym Agamyradow, Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 49-njy mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow kümuş medallara, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 86-njymekdebiň 11-nji synp okuwçylary Mälikşa Meýlismyradow, Begli Işanmyradow, 10-njy synp okuwçysy Sanjar Hojaniýazow, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 97-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Myrat Ruslanow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hudaýguly Hudaýberenow bürünç medala;
fizika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Jumadurdy Nuryýew altyn medala, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky umumybilim berýän 43-nji mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradow kümüş medala;
informatika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 86-njy mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Amanmyradow bürünç medala mynasyp boldular.
“Ýyl gelşinden belli” diýlişi ýaly, 2025-nji ýyl diňe bir mekdep okuwçylarymyzyň däl, eýsem, tutuş ilimiziň, ylaýta-da, okuwçylarymyzyň ata-eneleriniň ruhuny galkyndyrdy. Şol ýokary ruhy göterilişde halkyň wekilleriniň şu ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş pursatlarynda ýurdumyzyň mugallymlaryna bolan alkyş hem buýsanç duýgusynyň tolgundyryjy häsiýete eýe bolandygy biziň hakydamyzda hemişelik galdy.
Mekdep okuwçylarymyzyň bu abraýly halkara bäsleşiginde 2 altyn, 4 kümüş we 6 sany bürünç medala eýe bolmaklary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesil baradaky ýadawsyz aladalarynyň, ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän yzygiderli özgertmeleriniň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän hemişelik ünsüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” gazanylan ilkinji anyk netijeleridir.
“Bilim” ylmy-usuly žurnaly
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Takyk ulgam. All rights reserved. 2024