Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Döwlet sylagyna mynasyp bolan mugallymlaryň ýürek buýsançlary

28.09.2024

136

Döwlet sylagyna mynasyp bolan mugallymlaryň ýürek buýsançlary

Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen watandaşlarymyzyň ençemesine döwlet sylaglary, baýraklar berildi we hormatly atlar dakyldy. Döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlarynyň hem bardygyny buýsanç bilen belläp, olaryň ýüreklerinden joşduryp dile getiren alkyşly sözlerini size ýetirýäris.

Ýangibaý Çaryýew,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň uly mugallymy:

— Ajaýyp döwrüň bagtly ýaşulularynyň biri hökmünde onlarça ýyl bäri ýaş nesle bilim berip gelýärin. Ujypsyzja zähmetime hormatly Prezidentimiziň uly baha berip, maňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň gowşurylmagy göwnümi galkyndyryp, ömrüme ömür goşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňýanynda şaýat bolan tolgundyryjy wakamyz ruhumy has-da belende göterdi. Baş baýramymyzyň yzysüre, ýagny 1-nji oktýabrda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara gününiň bellenilýändigi üçin şatlykly wakalaryň hatary artýar. Toý-baýramly günlerde döwlet sylagyna eýesi bolandygym üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn, ömürleriniň uzak, mertebeli başlarynyň aman bolmagyny dileg edýärin.

Taňryberdi Amanlyýew,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň uly mugallymy:

— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasyndaky şatlykly günleriň hataryny uzaldan taryhy wakalara baý boldy. Şol günlerde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, maňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň gowşurylmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Munuň üçin hoşallygymyň çägi ýokdur. Ýokary döwlet sylagy mugallymlara goýulýan hormat-sarpanyň nyşany bolup, bizi has-da gujurly işlemäge ruhlandyrdy. Şeýlelikde, şanly Garaşsyzlygymyzyň toý dabaralarynyň bosagasyndaky şatlykly gün tutuş maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak ajaýyp senä öwrüldi. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolmagym göwnümi galkyndyrdy. Bizi bagtyýar durmuşa eýe eden Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş aýdýaryn.

Çeşmesi: Türkmen Döwlet Bedenterbiýe we Sport uniwersiteti


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address