Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

EAST: Hytaýda “emeli Gün” ýakyldy

27.01.2025

101

EAST: Hytaýda “emeli Gün” ýakyldy

2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Hytaýyň EAST atly synag termiki ýadro reaktory elektron plazmasyny saklamak boýunça täze rekord goýdy. Täsir 1066 sekuntlap dowam etdi, bu bolsa ozalky rekorddan üç esse diýen ýaly köp. Plazmanyň temperaturasy şol wagt 100 million °C töweregi boldy, bu Gün ýadrosynyň temperaturasyndan alty esse ýokarydyr. Reaktor ýakynda döwrebaplaşdyrylyp, täze rekordlara taýýar edildi.

EAST (Experimental Advanced Superconducting Tokamak ýa-da tokamak HT-7U) Anhoý welaýatynyň Hefeý şäherinde ýerleşýän reaktor ozalky rekordyny 2023-nji ýylyň aprel aýynda goýupdy. Şonda täsir 403 sekuntlap dowam edip, plazmanyň temperaturasy 100 million °C deň bolupdy. Reaktoryň üznüksiz işlemeginiň wagtyny 1000 sekunda ýetirmek, plazmanyň durnuklylygyny üpjün etmekde we ýokary temperatura çägini ýokarlandyrmakda möhüm ädim hasaplanýar.

Gün ýyldyzynda termiki ýadro täsire başlamak üçin aşa ýokary temperaturalar zerur däl, sebäbi Gün ýyldyzynyň ýadrosynda “jemi” 15 million °C bar. Wodorod ionlaryny ýakynlaşdyryp, geliý sintezini başlatmak üçin ýadrolaryň güýçli täsirleşme ýagdaýyna geçmegi we elektrik itergisini ýeňip geçmegi zerurdyr. Emma Ýer ýüzünde reaktor kamerasynda Gün ýaly güýçli basyş döretmek mümkin däl, şonuň üçin temperatura ýokarlandyrylýar. Hytaý alymlarynyň aýdan 100 million °C görkeziji täsiriniň başlanylmagy üçin ýeterlik däl diýlip kabul edilýär.

Mundan ozalky ýagdaýlaryň ählisinde elektron plazmasynyň temperaturasy barada gürrüň edilýärdi. Hytaýyň termiki ýadro desgalarynyň rekordlaryna garamazdan, ion plazmasy hakynda aýratyn maglumat berilmedi. Şol bir wagtyň özünde, täsiri başlatmak üçin ion plazmasyny, ýagny elektronlardan mahrum bolan ýadrolary 100 million °C-a çenli gyzdyrmak zerurdyr. Näme üçindir, hytaý tarapy ion plazmasyny gyzdyrmak boýunça rekordlar barada maglumat bermäge howlukmaýar.

Şeýle-de bolsa, täze belentlik gazanyldy. EAST reaktory kamerada 18 minuda golaý 100 million °C temperaturasyny saklady. Bu temperatura plazmanyň durnuklylygyny üpjün etmek bilen birlikde, täze tehnologiýalary we iş usullaryny gözlemek, şeýle hem materiallar bilen işlemegiň täze ýollaryny açmak üçin möhüm ädim boldy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address