Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

28.01.2025

523

TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak giň gerime eýe bolýar we bu ugurda köp işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda «Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar.» Taryha degişli kitaplar bolsa, elbetde, islendik adamyň ünsüni özüne çekýär.

Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň XI synpy üçin “Dünýä taryhy” okuw kitaby (awtorlary: J.Hatamow, J.Gurbangeldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Bu okuw kitabynda XX-XXI asyrlardaky dünýä taryhynyň 1946-njy ýyldan 2000-nji ýyla çenli wakalaryny öz içine alýan maglumatlar beýan edilýär. Degişli taryhy döwürde Ikinji jahan urşundan soňky dikeldiş işleri, dünýäniň biri-birine gapma-garşy syýasy ulgamlary, halkara gatnaşyklaryň taryhy, aýry-aýry ýurtlaryň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleri, ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň ösüşi, XX asyryň ahyryna çenli dünýäniň syýasy kartasynda bolup geçen özgerişler, dünýä ýurtlarynyň ösüş aýratynlyklary, olaryň umumadamzat ösüşine goşan goşantlary we başga-da ençeme meseleleriň esaslary açylyp görkezilýär.

Okuw kitabynda XX asyryň ahyrlarynda bolup geçen wakalara aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki bu döwürde dünýäde has uly üýtgeşmeler bolup geçdi. Türkmenistan we SSSR-iň düzüminde bolan beýleki döwletler garaşsyz ýaşamak bagtyna eýe boldy. Şonuň üçin dünýä ýurtlarynyň daşary syýasatlarynda Garaşsyz Türkmenistan bilen gatnaşyklary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelerden ugur alnyp beýan edilipdir.

Mälim bolşy ýaly, XX asyr ylmyň nazaryýetiniň ösen asyry boldy. nazaryýetdäki açyşlaryň netijesinde geçen asyrda ylmy-tehnikada düýpli ösüşler, harby ýaraglary öndürmek, kosmosy özleşdirmek meselelerinde, kompýuter tehnologiýasynda has öňe ilerlemeler amala aşyryldy. Şonuň bilen birlikde adamzat has kämil aragatnaşyk ulgamyny kemala getirdi. Geçen asyryň ahyrynda eýýäm adamlar üçin iň çalt habarlaşmagyň serişdesi bolan Internet ulgamy ýüze çykdy we örän tiz ösýän tehnologiýa öwrüldi.

Okuw kitabynda okuwçylaryň her bir temanyň maglumatlaryny özbaşdak özleşdirmekleri üçin ýardam berjek goşmaça maglumatlar, resminamalar, tablisalar girizilipdir. Olara degişli suratlar, kartalar ýerbe-ýer getirilipdir. Syýasy we döwlet baştutanlarynyň terjimehallary berlipdir. Şeýle hem okuwçylara özbaşdak pikir ýöretmek üçin ýumuşlar hödürlenipdir. Dersara baglanyşyga ýardam berjek maglumatlar hem goşulypdyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw

kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address