Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

29.01.2025

820

UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ylym-bilim pudagyny ösdürmek ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi we belent sepgitlere ýetmegi üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň berkararlygynyň, döwrümiziň bagtyýarlygynyň esasynda ylym-bilim ulgamynda geçirilýän netijeli özgertmeler ähli babatda aýdyň görünýär we guwandyryjy duýgulary döredýär.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň ХI synpy üçin «Türkmen dili» okuw kitaby (awtorlary: N.Garaýew, Ý.Ballyýew, B.Baýjanow, G.Sahatowa, N.Möwlamowa) Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Okuw kitaby okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylypdyr.

Aragatnaşygyň möhüm serişdesi we medeniýetimiziň esasy sütüni bolan ene dilimize türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şeýle baha berýär: «Biziň ene dilimiz öz gözbaşyny Guz handan alyp gaýdýan, ähli türki halklaryň dilleriniň esasyny düzýän dildir. Şoňa görä-de biziň dilimiz ähli türki halklar üçin düşnükli bolmak bilen, öz tebigaty boýunça dünýäniň esasy dilleriniň hatarynda durmaga mynasypdyr. Ene dilimizi şeýle derejä çykarmagyň ýolllaryny geçmişdäki beýik akyldarlardan öwrenmelidiris». Munuň özi, elbetde, diňe bir okuwçylary däl, eýsem her bir türkmeni buýsandyrýar we ene dilimizi düýpli öwrenmäge borçlandyrýar.

Okuw kitabynda türkmen diliniň jemgyýetçilik hyzmatyndaky özgerişleri, edebi dilimiziň funksional stilleri, olaryň dil aýratynlyklary, edebi normalar, orfoepik normalar, uzyn we gysga çekimlileriň uzyn we gysga çekimlileriň aýdylyşy bilen baglanyşykly edebi normalar, çekimsiz sesleriň aýdylyşy bilen baglanyşykly edebi normalar, fonetik serişdeler (intonasiýa, söz basymy, logiki basym, pauza) bilen bagly orfoepik we orfografik normalar, sözleriň dogry ýazylyşynyň orfografik sözlükde görkezilişi, baş harplaryň, uzyn çekimlileriň, dodak çekimlileriň, dar çekimlileriň, iki hili aýdylýan sözleriň, dymyk k, p, t, ç sesleri bilen gutarýan sözleriň, gözüň ortasynda, ahyrynda ýanaşyk gelen çekimsizleriň, goşma sözleriň, gysgaldylan goşma sözleriň, tirkeş sözleriň we ş.m. ýazuw düzgüni, edebi dilde sözleriň ulanylyş (leksik) normalary we olaryň sözlüklerde görkezilişi, grammatik normalar, atlarda köplük san, degişlilik, düşüm goşulmalarynyň ulanylyşy, işliklerde ýokluk-inkärlik, zaman, ýöňkeme kategoriýalarynyň aňladylyşy, häzirki türkmen dil bilimi, onuň derwaýys meseleleri bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw

kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address