
News
116

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygy mynasybetli Bilim ministrliginiň “Hormat haty” we gymmat bahaly sowgatlar bilen tapawutlanan bilim işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Eziz Watanymyzyň dünýädäki at–abraýynyň, şan –şöhratynyň arşa galýan zamanasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde çeken döredijilikli zähmetleri, bilim işini pedagogiki ylmyň we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýeti esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda hem-de hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn ussatlyklaryny göz öňünde tutup, tapawutlanan birnäçe bilim işgärleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Dabara gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşlere alyp barýan, geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şeýle-de okaň: Türkmenportal