Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

SINGAPUR IŞ SAPARY

26.09.2024

165

SINGAPUR IŞ SAPARY

Ylmyň dürli ugurlarynyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüş derejesinde inženerlik işindäki zähmeti dolandyrmak günsaýyn çylşyrymlaşýar. Şol sebäpli inženerleriň bilimini amaly işlere we innowasiýalary döretmäge gönükdirmek, ulgamlaşdyrmak, köp bilimleriň çatrygynda alyp barmak, taslama işlerine ugrukdyrmak, önümçilik we işewürlik bilen utgaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şunda bakalawrlary we magistrleri inženerlik işine toplumlaýyn taýýarlamakda inženerlik, tehniki we tehnologik ulgamlary, hadysalary öwrenmegiň we innowasion önümleri döretmegiň ähli tapgyrlaryny öz içine alýan CDIO Bütindünýä konsepsiýasy ulanylýar. Bu konsepsiýa dünýäniň öňdebaryjy inženerlik ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Massaçusets tehnologik instituty tarapyndan teklip edilip, iňlis Conceive (Pikirlenmek), Design (Taslamak), Implement (Öndürmek), Operate (Dolandyrmak) sözlerinden gelip çykýar. Bu halkara konsepsiýanyň baş maksady inženerleriň we tehnologlaryň bilimine, ylmy derejesine, amaly başarnyklaryna we ukyplaryna, pikirleniş mümkinçiliklerine, jogapkärçiligine, tehnologiýa babatda işewürlik ukyplaryna bildirilýän talaplary umumylaşdyrmak we olary okatmagyň dünýä standartyny işläp taýýarlamak bolup durýar. Häzirki wagtda Bütindünýä CDIO konsepsiýasyny amala aşyrmak maksady bilen dünýäniň 35-e golaý döwletinden 200-e golaý ýokary okuw mekdepleri bileleşip, degişli işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem şol bileleşige goşulyşmak hem-de inženerleri we tehnologlary taýýarlamagyň dünýä standartlaryny okuw meýilnamalaryna ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener – tehnologiýalar uniwersitetiniň Okuw bölüminiň hünärmeni Myrat Rahmedow Singapur Politehniki uniwersitetiniň 70 ýyllyk Halkara Okuw Festiwalyna gatnaşdy. Saparyň maksady CDIO maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu möhüm sepgit ýokary okuw mekdebiniň bilim we ylym ulgamynda kämilligine ýetmekde ajaýyp üstünlikdir. Soňky 70 ýylyň dowamynda Singapur Politehniki uniwersiteti ylym-bilim babatda ýokary üstünlikleri gazandy. Halkara Okuw Festiwaly bilimiň, hyzmatdaşlygyň we medeni alyş-çalyşyň ajaýyp baýramçylygy bolup durýar. Bu waka inženerçilik biliminde üznüksiz kämilleşmäge we täzelige ygrarlylygy görkezýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener – tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň professor-mugallymlaryň adyndan ýene-de bir gezek gutlaýarys. Goý, bu festiwal haýran galdyryjy üstünliklere beslensin!


Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address