Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Körpe wäşiler bäsleşdiler

29.01.2025

449

Körpe wäşiler bäsleşdiler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Bilim edaralarynyň işiniň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi  netijesinde bu gün hemmetaraplaýyn ösen, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala gelýär. Watanymyza, il-günümize mynasyp, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmekde ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalaredaralarynda hem netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, çagalar baglarynda işleýän terbiýeçilerimiz ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, olaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin özleriniň yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda “Körpe wäşiler” atly bäsleşigiň Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik 1 şertden ybarat bolup, zehinlije körpeler öz aralarynda dürli görnüşli degişmeleri, sahna oýunlaryny ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Watansöýüji, sagdyn ruhly, berk bedenli nesilleri kemala getirmekde agzalan bäsleşik uly ähmiýete eýe boldy.

Ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny halkara derejede kämilleşdirmek ugrundaky nusgalyk işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi barada bimöçber alada edýän, halkymyzy beýik maksatly işlere, eşretli günlere tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdary-myzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address